Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga bagyşlanan çäre geçirildi

26.09.2024

102

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga bagyşlanan çäre geçirildi

2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga bagyşlanan çäre gurnaldy. Bu çäräniň gurnaýjysy hökmünde ýokary okuw mekdebiň Dünýä dilleri kafedrasy çykyş etdi. Çäräniň dowamynda talyp ýaşlar rus, iňlis hem-de fransuz dillerinde ýörite prezentasiýalary görkezip, ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegiň wajypdygy hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Şeýle-de gurnalan çäräniň dowamynda Dünýä dilleri kafedrasynyň «Lingvo World» ylmy-döredijilik gurnagy tarapyndan ýörite breýn-ring oýny geçirildi. Onuň dowamynda institutymyzyň talyplary dürli sowallara jogap berdiler. Bäsleşigiň netijesine laýyklykda, Halkara hukugy fakulteti 3-nji orna, Halkara gatnaşyklary we Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary 1-nji orna mynasyp boldular.

Çäräniň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymlary talyp ýaşlara okuwlarynda üstünlikleri arzuw edip, ýene bir gezek ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegiň wajypdygyny ýatlatdylar.

Maýa ATAJANOWA,

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň

Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy.


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address