
News
120

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda bilim ulgamynda düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde okuw-terbiýeçilik işleriniň mazmunyny baýlaşdyrmak maksady bilen okuw maksatnamalaryny we okuw kitaplaryny mazmun taýdan has-da kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak ugrunda birnäçe işler durmuşa geçirilýär.
Şeýle işleriň hatarynda ýaňy-ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan umumybilim berýän orta mekdepleriň I synpy üçin “Surat” okuw kitabynyň (awtorlary: W.Amangeldiýew, D.Akyýew) dördünji neşiri çap edildi. Bu ders boýunça nobatdaky gezek neşir edilen kitabyň esasy maksady okuwçylaryň gözellige düşünmegine, şekillendiriş sungatyna söýgi döretmäge, durmuş bilen sungatyň özara baglanşygy barada düşünje bermäge, daş-töwerekdäki durmuşdan alnan mysallara, wakalara bolan öz dünýägaraýşyny we olar baradaky düşünişini şekilde döredijilikli beýan etmek başarnygyny ösdürmäge gönükdirilendir.
Çap edilen okuw kitaplarynyň ýene biri-de umumybilim berýän orta mekdepleriň I synpy üçin “Iňlis dili” okuw kitabynyň (awtorlary: A.Gurbanow, M.Allahwerdowa, O.Pirnepesowa) dördünji neşiridir. Bu kitapda okuw maglumatlary çagalaryň ünsüni özüne çekiji reňkli suratlar bilen berlip, olar okuwçylara iňlis diliniň başlangyç esaslaryny öwretmäge gönükdirilendir. Şeýle döwrebap okuw kitaplarynyň taýýarlanylmagy watansöýüji, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli nesli kemala getirmäge uly ýardam eder.
Şeýle hem okaň: Turkmenportal
Türkmenistanyň Bilim ministrligi