Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Türkmenistanda ýeňil atletika, kik-boks we uşu boýunça okuw kitaplary neşir edildi

10.02.2025

506

Türkmenistanda ýeňil atletika, kik-boks we uşu boýunça okuw kitaplary neşir edildi

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň professor-mugallymlary sportuň ýeňil atletika, kik-boks we uşu görnüşleri boýunça okuw kitaplaryny neşir etdiler.

Bu okuw kitaplary ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplaryndan başga-da, ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdepleriniň okuwçylary, bu ugurda içgin iş alyp barýan hünärmenler, şol sanda türgenler we tälimçiler, sportuň bu görnüşleri bilen gyzyklanýan islendik ýaşdaky adamlar üçin niýetlenendir.

Kitaplar “Ylym” neşirýaty tarapyndan neşir edildi.

«Ýeňil atletikanyň nazaryýeti we usulyýeti» atly okuw kitaby institutyň Ýeňil we agyr atletika kafedrasynyň professor-mugallymlary Döwletgeldi Mämmedow, Halmyrat Nepesow, Serdar Nurmyradow, Saparmyrat Mämmedow tarapyndan neşir edildi. Kitap 21 bapdan ybaratdyr. Kitapda ýeňil atletika sportunyň ähli görnüşleriniň tehnikalary we şol tehnikalary özleşdirmegiň aýratynlyklary‚ sport taýýarlygynda ulanylýan usullar we serişdeler‚ şeýle hem türgenleşigiň meýilleşdirme işi barada we ýeňil atletika ýaryşlarynyň kadalary bilen tanyşmak mümkindir.

«Kik-boksuň nazaryýeti we usulyýeti» atly okuw kitabyny Sportuň göreş görnüşleri kafedrasynyň professor-mugallymlary Soltanmyrat Esenow, Allaberdi Omarow we Şöhrat Hallyýew taýýarladylar. Kitapda kik-boksuň taryhy, onuň döreýiş we ösüş tapgyrlary, kik-boksçy türgenleriň beden taýýarlygy, kik-boks sportunyň tehnikasy we taktikasy, kik-boksçularyň psihologik taýýarlygy, olaryň iýmitlenmek kadalary, kik-boks sportunyň düzgünleri, kik-boksda ýüze çykýan sport şikesleri barada giňişleýin beýan edilýär.

«Uşunyň nazaryýeti we usulyýeti» okuw kitaby Sportuň göreş görnüşleri kafedrasynyň professor-mugallymlary Wepa Ýazberdiýewiň, Welmyrat Hojamyradowyň, Süleýman Jumagylyjowyň, Resul Myratdurdyýewiň awtordaşlygynda çap edildi. Kitapda sportuň bu görnüşinde türgenleşik geçmegiň düzgün-kadalary, emelleri ýerine ýetirmegiň yzygiderliligi öz beýanyny tapýar. Kitap uşu sungatynyň şol emellerini, aýratynlyklaryny öwrenmäge ýardam eder.

Çeşmesi: tmcars.info

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address