Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Türkiýäniň Kyrşehir welaýatynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli surat sergisi açyldy

11.02.2025

107

Türkiýäniň Kyrşehir welaýatynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli surat sergisi açyldy

2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkiýe Respublikasynyň Kyrşehir welaýatynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, şeýle hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli surat sergisi açyldy.

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň we Ahi Ewran uniwersitetiniň bilelikde gurnan sergisiniň açylyş dabarasyna Türkiýäniň belli medeniýet işgärleri, jemgyýetçilik guramalaryň we habar beriş serişdeleriň wekilleri, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdy.

Sergide çykyş edenler häzirki wagtda Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän ägirt uly taslamalary we halkara başlangyçlary, Türkmenistanyň Döwlet Baştutanynyň alyp barýan parahatçylykly we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen daşary syýasaty esasynda amala aşyrylýandygyny bellediler.

Şu nukdaýnazardan, ýerleşdirilen fotosuratlar Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda oýlanşykly we üstünlikli amala aşyrylýan şäher gurluşyk syýasatyny şöhlelendirýändigini, şeýle-de bu syýasatyň adamlaryň durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga, olaryň işlemegi we dynç almagyna gönükdirilendigini nygtaldy.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address