Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Paýtagtymyzda italýan dizaýniniň güni geçiriler

11.02.2025

105

Paýtagtymyzda italýan dizaýniniň güni geçiriler

Aşgabatda 12-14-nji fewral aralygynda Türkmenistandaky Italiýanyň ilçihanasy tarapyndan her ýyl guralýan Italýan dizaýniniň güni geçiriler. Çäre Italiýanyň dizaýn sungatynyň, innowasiýalarynyň we döredijilik çözgütleriniň ösdürilmegine gönükdirlip, ol italýan dizaýni bütin dünýäde ykrar etdirýän ussatlygyň, däp-dessurlaryň we häzirki zaman garaýyşlarynyň özboluşly sazlaşygyny açyp görkezýär.

Çäräniň çäklerinde talyplar, dizaýnerler hem-de binagärlik we dizaýn ugrundaky hünärmenler üçin ussatlyk sapaklar geçiriler. Gatnaşyjylar esasy ugurlary ara alyp maslahatlaşmaga, täze çemeleşmeleri öwrenip, dizaýniň geljegi emele getirilişi baradaky tejribe bilimlerini alyp bilerler. Bu çäräniň aýratyn myhmany “Modenese Gastone Interiors Srl” lýuks brendiniň interýer boýunça meşhur dizaýneri Leandro Skalko bolar.

Ol Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynda we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda prezentasiýalary bilen çykyş edip, interýerde häzirki zaman tendensiýalary we dizaýn babatda innowasion çözgütler baradaky ekspert pikiri bilen paýlaşar.

Şu ýylyň Italýan dizaýniň gününiň mowzugy “Deňsizlik. Has gowy durmuş üçin dizaýn” diýlip atlandyrylar. Ol durmuş meselelerini çözmekde hem-de has inklýuziw we durnukly gurşawy döretmekde dizaýniň ornuny açyp görkezýär. Elýeterlilik, mümkinçilikleriň deňligi we ekologiýa jogapkärçiligi ýaly meselelere aýratyn üns beriler.

Mundan başga-da, Aşgabatda geçiriljek bu çäre dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän ählumumy başlangyjyň bir bölegi bolar. Bu başlangyç hünärmenleriň dizaýniň jemgyýete ýetirýän täsirini we onuň geljegi gurmakdaky orny barada maslahatlaşmaklaryna gönükdirilendir. Onuň çäklerinde Milanda 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinde geçiriljek “Salone del Mobile” atly 63-nji sergisi baradaky maglumatlar bilen hem tanyşdyrylar. Bu sergi dizaýn we mebel önümçiligi ugry boýunça dünýäniň iri çäresi hasaplanylýar.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address