Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Usuly-amaly maslahat geçirildi

13.02.2025

240

Usuly-amaly maslahat geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly- dünýäniň akyldary” atly kitabynyň baý many-mazmunyny we terbiýeçilik ähmiýetini okuw-terbiýeçilik işinde peýdalanmagyň usullary boýunça degişli maslahatlary bermek maksady bilen  Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Ahal welaýat häkimliginiň gurnamagynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň döwlet usuly merkezi bolan Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde “Hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly-dünýäniň akyldary” atly kitaby ýaş nesilleri belent ahlaklylykda terbiýelemekde gymmatly gollanmadyr” atly ylmy-usuly maslahat geçirildi.

Maslahata gatnaşyjylar mekdepde geçirilýän okuwçylaryň durmuşynda täsir galdyrýan ders hepdelikleriniň biri bolan “Taryh we geografiýa”dersleri boýunça hepdeligiň sergisine we Döwlet Baştutanlarymyzyň atalyk kitaplaryndan düzülen kitap sergisine syn etdiler.

Maslahatda TMBI-niň Tebigy we takyk bilimler bölüminiň müdiri, pedagogika ylymlarynyň kandidaty, dosent G.Şadurdyýewiň, TMBI-niň Jemgyýetçilik bilimler bölüminiň müdiri O.Meläýewanyň, TMBI-niň Mekdebe çenli terbiýe we başlangyç bilim bölüminiň müdiri O.Matalowanyň, şol mekdebiň başlangyç synp mugallymy M.Bakyýewanyň, Gökdepe etrabynyň 7-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy D.Ataýewiň  hem-de Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň kiberhowpsuzlyk kafedrasynyň mugallymy M.Annaýewiň çykyşlaryna giňişleýin orun berildi. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eseriniň many-mazmunyny, ondaky beýan edilýän pikir-garaýyşlar, täsirli maglumatlar hakynda mekdep okuwçylaryna bilim-terbiýe bermekde peýdalanmagyň usullary boýunça degişli maslahatlary berdiler.

Çykyş edenler “Magtymgula düşünmegiň açary”, “Magtymguly Pyragy mekdebi we türkmen magtymgulyşyhaslary”, “Pähim-paýhas ummany”, “Parahatçylygyň şahyry”, “Halk ýadyndan aýrylma”, “Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly kabul edilen resminamalar, gutlaglar we çykyşlar” we “Hakyň we hakykatyň ýolunda” atly bölümleriniň her birinde beýan edilen maglumatlary hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynda berilýän ilkinji düşünjeler dogrusynda okuw-terbiýeçilik işinde peýdalanmagyň usulyýeti boýunça gymmatly maslahatlary berdiler. Magtymguly Pyragynyň her bir setirinde milli etnopedagogikanyň ýörelgeleri aýdyňlyk bilen öz beýanyny tapandygyny nygtadylar. Bu eseriň many-mazmunyny bilim amallarynyň maglumat üpjünçiligine ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri dogrusynda usuly maslahatlary aýtdylar.

Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň direktory B.Bäşimow Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu kitaby nesillerimizi watansöýüjilik , ynsanperwerlik, halallyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly çeşmedigini, gündelik guralýan sapaklarda peýdalanmak üçin egsilmez genji-hazynadygyny hem-de ýaş nesilleri we öz-özümizi belent ahlaklylykda terbiýelemekde akyldar şahyrmyzyň öwüt-ündewleriniň ähmiýetiniň uludygyny belledi.

Çünki Hormatly Prezidentimiziň bu kitaby tutuş dünýäde ýüreklere ýol salýar, kalplaryň töründe orun alýar, çuňňur paýhasy beýan edýär.

Ogulşat Durdyýewa  

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Berdimuhamet Annaýew

adyndaky maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we

kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň müdiri

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address