Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Sent-Endrýus uniwersiteti Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

13.02.2025

86

Sent-Endrýus uniwersiteti Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

2025-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyñ Bilim ministrliginiň wekilleri, ýurduň öňdebaryjy uniwersitetleri we Sent-Endrýus uniwersitetiniň (University of St Andrews) arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Bilim ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň işgärleri, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň DIM Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekilleri hem-de Türkmenistanyñ Beýik Britaniýadaky Ilçihanasy gatnaşdy. Beýik Britaniýa tarapyndan Sent-Endrýus uniwersitetiniň halkara hyzmatdaşlygy boýunça jogapkär professorlary Matteo Fumagalli we Filippo Kosta Buranelli gatnaşdylar.

Duşuşygyň maksady – Türkmenistandaky ýokary okuw jaýlary bilen Sent-Endrýus uniwersitetiniň arasynda akademiki hyzmatdaşlygy ösdürmek. Taraplar özara hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirip, esasy hyzmatdaşlyk ugurlaryny kesgitlediler we umumy taslamalary durmuşa geçirmek üçin ilkinji ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşligiň dowamynda bilim maksatnamalaryny döretmek, onlaýn kurslary gurnamak, talyplar we mugallymlar üçin alyş-çalyş programmalaryny amala aşyrmak, bilelikdäki ylmy gözlegleri we neşirleri ýola goýmak, şeýle-de halkara akademiki çärelerine gatnaşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen wekilýeti ýurduň ýokary bilim ulgamynyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyrdy, Sent-Endrýus uniwersitetiniň wekilleri bolsa ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge we akademiki alyş-çalyşy ýola goýmaga taýýardyklaryny aýtdylar.

Şotlandiýada ýerleşýän Sent-Endrýus uniwersiteti Beýik Britaniýanyň we dünýäniň iň gadymy hem-de abraýly ýokary okuw jaýlarynyň biridir. Ol The Times and Sunday Times Good University Guide we The Complete University Guide ýaly akademiki reýtingleriň netijelerine görä yzygiderli Beýik Britaniýanyň iň gowy bäş uniwersitetiniň hataryna girýär. Sent-Endrýus uniwersiteti taryh, filosofiýa, ykdysadyýet, matematika we ýer ylymlary ýaly ugurlar boýunça ýokary derejeli bilim bermegi bilen meşhurdyr. Şeýle hem bu uniwersitet Beýik Britaniýanyň patyşa maşgalasynyň agzalary – Şazada Uilýamyň we Keýt Middltonyň tanyş bolan ýeri hökmünde hem tanalýar.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address