Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Täjigistanda emeli aň Tehnopolisi BAE bilen hyzmatdaşlykda dörediler

13.02.2025

113

Täjigistanda emeli aň Tehnopolisi BAE bilen hyzmatdaşlykda dörediler

Täjigistanyň senagat we täze tehnologiýalar ministrligi bilen BAE ösen tehnologiýalar Ylmy barlag geňeşi (ATRC) emeli aň ugrunda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin wideo konferensiýa geçirdi. Çärä Täjigistanyň ministrliginiň we ATRC-niň ýolbaşçylary, Täjigistanyň emeli aň Geňeşiniň ýolbaşçylary, şeýle hem tehnologiýa innowasiýalar Instituty we Abu-Dabiniň VentureOne holdinginiň wekilleri gatnaşdylar.

Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde milli dil modeliniň işlenip düzülmegi, multimodal çözgütleriň kämilleşdirilmegi we emirlikleriň tehnologiýa kompaniýalarynyň Duşenbedäki emeli aň tehnopolisine çekilmegi bellenildi. Falcon tehnologiýalarynyň esasynda täjik diliniň lingwistik we medeni aýratynlyklaryna laýyk gelýän modeliň işlenip düzülmegi meýilleşdirilýär. Bu bolsa täjik dilindäki sanly hyzmatlaryň, şol sanda ses kömekçileriň, awtomatiki terjime we bilim platformalarynyň ornaşdyrylmagyna mümkinçilik berer.

ATRC-niň ählumumy ylmy-barlag platformasy, bulut we sanly transformasiýalara ýöriteleşen CNTXT kompaniýasynyň hem-de VentureOne Merkezi Aziýa bazaryna, hususan-da, Duşenbedäki Area AI bazasyna girmegine goldaw berer. Duşenbedäki emeli aň tehnopolisi sebitiň ykdysadyýetine ösen emeli aň çözgütlerini ornaşdyrmak üçin ýöriteleşdirilen ilkinji meýdança bolar. Bu ýerde Merkezi Aziýa üçin EA öz-özüni kadalaşdyryş merkezini hem öz içine alýan doly AI ekosistemasyny ösdürmek meýilleşdirilýär.

VentureOne emeli aň, uly maglumat we bulut çözgütleri ugurlarynda innowasion önümleri täjik kärhanalaryna ornaşdyrmak we bu tehnologiýalaryň bazara çykarylmagyny üpjün etmek bilen meşgullanar. Tehnopolisiň ösmegi daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge we ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda sanly transformasiýany çaltlaşdyrmaga ýardam berer.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar bu hyzmatdaşlygyň Täjigistanyň sanly transformasiýasyna itergi berjekdigine we ýurduň Merkezi Aziýada EA tehnologiýa merkezi hökmünde ornuny berkidýändigine ynam bildirdiler. Nobatdaky ädim hökmünde taslamalary jikme-jik meýilleşdirmek üçin iş toparynyň döredilmegi göz öňünde tutulýar. ATRC bilen hyzmatdaşlyk, Täjigistan Respublikasynyň Milli emeli aň strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginde möhüm tapgyr bolup, ýurda ösen innowasiýalara elýeterlilik döredýär we durnukly tehnologiýa binýadynyň emele gelmegine goşant goşýar.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address