Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Türkmen talyplary Tatarystanda mekdep okuwçylarynyň Respublikan festiwalyna gatnaşdy

14.02.2025

113

Türkmen talyplary Tatarystanda mekdep okuwçylarynyň Respublikan festiwalyna gatnaşdy

Türkmen talyplary Tatarystanyň Sabinskiý etrabynda geçirilen umumybilim berýän edaralarynda bilim alýan okuwçylar üçin “Medeniýetleriň öwüşgini” atly ene dili respublikan festiwalynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.

Sabinskiý munisipal etrabynyň başlygy Rais Minnihanow, Tatarystan Respublikasynda akkreditlenen diplomatik edaralarynyň wekilleri şu ýylyň “Medeniýetleriň öwüşgini” atly festiwalynyň hormatly myhmanlary boldular.

Festiwalyň barşynda Bütinrussiýa olimpiadasynyň ýeňijileri we baýrakly orunlara mynasyp bolan daşary ýurt dillerini öwrenýän 4-11-nji synplaryň okuwçylary, beýleki ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň medeniýeti we sungaty bilen tanyş boldylar.

Festiwalyň dabaraly çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Baş konsullygy Rais Nurgaliýewiç Minnihanowa Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabyny sowgat berdi. Türkmenistanyň Baş Konsullygyna hoşallygyny bildirip, munisipalisetiň başlygy etrabyň ýaşaýjylarynyň bu gymmatly kitap bilen tanşyp bilmekleri üçin onuň etrap kitaphansyna geçiriljekdigini belledi.

Kazanda bilim alýan türkmen talyplary Türkmenistan baradaky prezentasiýa bilen çykyş etdiler, Magtymgulynyň dostluk we parahatçylyk baradaky goşgylaryny türkmen, rus we tatar dillerinde okadylar. Gatnaşyjylara alajanyň dokalyş tehnikasy hem görkezildi.

“Medeniýetleriň öwüşgini” atly festiwal daşary ýurt dilinde okamaga bolan höwesi döretmek, daşary ýurt dillerini öwrenmäge ukyply mekdep okuwçylaryny ýüze çykarmak, ösdürmek we olara goldaw bermek, bilim alýanlarda daşary ýurt dillerine, öz Watanynyň taryhyny, ruhy mirasyny, däp-dessurlarynyň saklanylmagyna bolan höwesi we oňaýly garaýyşlaryny kemala getirmek maksady bilen her ýyl geçirilýär.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address