Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

UNFPA maşgalalara durmuş goldawyny bermek boýunça seminar geçirdi

14.02.2025

77

UNFPA maşgalalara durmuş goldawyny bermek boýunça seminar geçirdi

2025-nji ýylyň 10-12-nji fewraly aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky edarasy Türkmenistanda kyn durmuş ýagdaýyna düşen aýallara we olaryň maşgalalaryna psihiki we durmuş maslahatlaryny bermek boýunça üç günlük seminar geçirdi.

Çäre BMG-niň Aşgabatdaky binasynda geçirilip, 30-dan gowrak hünärmenleri, şol sanda psihologlary, durmuş üpjünçilik işgärlerini hem-de jemgyýetçilik guramalaryň wekillerini ýygnady. Seminar psihiki we durmuş babatda maslahat bermekde, kyn durmuş ýagdaýyna düşen aýallar bilen iş alyp barmagyň usullaryny öwrenmekde hünärmenleriň taýýarlyk derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirildi. Üç günüň dowamynda seminara gatnaşyjylar mowzuklaryň birnäçe toplumyny, şol sanda gender sosializasiýa meselelerini, maşgalada zorlugyň dürli ugurlaryny we onuň psihiki saglyga ýetirýän täsirini ara alyp maslahatlaşdylar.

Seminara Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetiniň wekilleri, psihologlar we ýurduň ähli welaýatlarynyň maşgalalara goldaw bermek boýunça gulluklaryň durmuş üpjünçilik işgärleri, şeýle hem “Keýik okara” jemgyýetçilik birleşiginiň wekilleri gatnaşdy. Seminar UNFPA-nyň halkara maslahatçysynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Gatnaşyjylar kyn durmuş ýagdaýa düşen aýallara we olaryň maşgalalaryna kömek bermekde dersara çemeleşmäniň wajyplygy barada nygtap, psihologiýa kömegini bermegiň häzirki zaman usullaryna garadylar.

Seminar Türkmenistanda durmuş goldawyny we psihologiýa kömegini bermek ulgamynyň ösüşinde möhüm tapgyr boldy.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address