
News
111
13-nji fewralda Türkmenistanyň M.Garryýew adyndaky döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ ýolbaşçylarynyñ hem-de Astrahanyñ döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ ýolbaşçylarynyñ arasynda onlaýn-duşuşyk geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyñ Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiñ hem-de Bilim ministrliginiñ degişli ýolbaşçylarynyñ gatnaşmagynda geçirildi.
Duşuşyk lukmançylyk bilimi we ylmy barlaglar babatynda geljekki hyzmatdaşlyk meseleleriniñ, şeýle hem iki ýokary okuw mekdebiniñ arasynda tejribe we okuw maksatnamalaryny alyşmak mümkinçilikleriniñ ara alnyp maslahatlaşylmagyna bagyşlandy.
Wideo arkaly maslahat uniwersitetleriñ arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyñ pugtalandyrylmagynda hem-de lukmançylyk we bilim ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygynyñ giñeldilmeginde möhüm ädim boldy.