Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Hytaý Halk Respublikasyna iş sapar

21.09.2024

133

Hytaý Halk Respublikasyna iş sapar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan watanymyzda durmuşa geçirilýän ylym-bilim ulgamyndaky özgertmeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Çünki ýurduň gelejegi onuň ykdysady ösüşleri-tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň now-hau işläp taýýarlamagyň derejesi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener – tehnologiýalar uniwersitetinde bu ugurda yzygiderli netijeli işler durmuşa geçirilýär. Daşary ýurtlaryň abraýly uniwersitetleri, kompaniýalary ylmy guramalary we merkezleri bilen hyzmatdaşlyk saklanýar. Bu babatda baglanyşylan Ähtnama esasynda Hytaýyň Demirgazyk-Günbatar oba-hojalyk we tokaýçylyk uniwersiteti bilen netijeli işler alnyp barylýar. Bu uniwersitetiň 2024-nji ýylda 90 ýyllyk ýubileý dabarasy bellenilip geçilýär. Soňky 90 ýylyň dowamynda Hytaýyň Demirgazyk-Günbatar oba-hojalyk we tokaýçylyk uniwersiteti ýokary ösüşlere eýe boldy. Şona laýyklykda Hytaýda we dünýäde suw ylymlary, tokaýçylyk, oba-hojalyk pudagynda özüniň ýokary alyp barýan ylmy barlag işleri, halkara tejribesi bilen ýokary uniwersitet derejesini gazandy. 

Hytaýyň Demirgazyk-Günbatar oba-hojalyk uniwersiteti özüniň 90 ýyllyk ýubileý dabarasyny sentýabr aýynyň 20-sinde aýdym-sazly dabaralara besläp geçirdi. Dabaranyň çäklerinde Hytaý we daşary ýurt uniwersitetleriň prezidentleriniň forumy geçirildi. Konferensiýada dünýäniň dürli künjeklerinden gatnaşan uniwersitetiň rektorlary akademiki gepleşikler geçirip, halkara hyzmatdaşlyklar ýola goýdular. Bu ýokary derejedäki dabara we onuň çäklerinde gurnalýan Hytaýyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň forumyna Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener – tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa institutynyň alym kätibi Daňatarow Batyr 2024-nji ýylyň 19-21-nji sentýabr aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Sýanýang şäherinde iş saparynda boldy we dabaraly çärelere gatnaşyp çykyş etdi. Bu gatnaşyklar geljekde ýokary mekdepleriň arasyndaky ylym-bilim we innowasiýalar babatdaky gatnaşyklary mundan beýläk ýola goýmaga mümkinçilik berer. 

Şeýle hem okaň: Turkmenportal


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address