Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Ýurtda ilkinji ugurdaş ýokary okuw mekdebiň açylmagy telekeçiligiň täze ösüş derejesini üpjün eder

17.02.2025

1952

Ýurtda ilkinji ugurdaş ýokary okuw mekdebiň açylmagy telekeçiligiň täze ösüş derejesini üpjün eder

Paýtagtymyzyň günbatar böleginde Görogly köçesiniň ugrunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýurtda ilkinji ýokary okuw mekdebiniň gurluşygy ýokary depginler bilen dowam edýär.

Täze ýokary okuw mekdebiň 2022-nji ýylyň iýulynda binýadynyň tutulmagy bilen türkmen telekeçiligini ösüşiň täze derejesine çykarmak üçin ygtybarly esas goýuldy.

Şu ýyl Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebi ulanmaga berler diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 7-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda habar berdi.

Ýokary okuw mekdep «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan bina edilýär. Köp ugurly talyplar şäherçesi ýaşlaryň 2700-sine niýetlenendir. Ýokary okuw mekdebiň düzüminde fakultetleriň altysy, şeýle hem kitaphana, maslahat zaly, naharhana, 2 sany talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýy, sport meýdançalary ýaly desgalar hem-de ulag goýmak üçin ýer göz öňünde tutulandyr.

TSTB-niň ýokary okuw mekdebiniň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň telekeçiliginiň taryhynda täze sahypany açar. Täze ýokary okuw mekdep ýurtda şunuň ýaly ilkinji okuw binasy bolup, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan ojaga öwrüler. Ol telekeçilik we işewürlik ulgamynda ýokary hünär derejeli işgärleriň, Türkmenistanyň innowasion ösüşine we ykdysady taýdan ýokarlanmagyna mynasyp goşant goşjak ussatlaryň täze nesliniň düýpli we ulgamlaýyn taýýarlanylmagyny üpjün eder.

Talyplar şäherçesiniň gurluşygy «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» çäklerinde amala aşyrylýar.

Häzirki günde işewürlik maksatlary hem-de şol maksatlaryny amala aşyrmaga ymtylmalary bolan ýaşlaryň okadylmagy dürli işewürlik mekdeplerde, TSTB-niň telekeçiler mekdebinde, şeýle hem onuň Aşgabatdaky we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky şahamçalarynyň binýadynda alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň kiçi we orta işewürlik ulgamlary uly, yzygiderli artýan mümkinçilige eýedir. Türkmen telekeçileri her ýyl oba hojalyk we azyk önümleriniň önümçilikleriniň möçberlerini artdyrýarlar, gurluşyk we gurluşyk serişdelerini öndürmek ulgamynda hem-de ençeme beýleki ugurlarda işlerini depginli we üstünlikli ösdürýärler.

Döwlet türkmen telekeçilerine maliýe, hukuk goldawlaryny berýär. Ýurduň ykdysadyýetinde telekeçilik ulgamynyň paýy durnukly artýar. Şonuň bilen birlikde, telekeçiligiň ykdysadyýetiň ösüşine, ýurduň haryt dolanyşygyna hem-de ilatyň iş bilen üpjünçiligine, Türkmenistanyň kiçi we orta işewürliginiň halkara bazarynda eýeleýän ornunyň öňe ilerlemegine goşandynyň ýokarlanmagy üçin şertler döredilýär.

Telekeçilik ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, häzirki zaman bazar gurallaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna hususy ulgamyň eýeleýän ornunyň ýokarlandyrylmagy Türkmenistanda durmuş-ykdysady syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Çeşmesi: Türkmenistan Altyn asyr

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address