Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

IŞJEŇ WE TÄSIRLI GEÇEN USULY-AMALY OKUWLAR

17.02.2025

192

IŞJEŇ WE TÄSIRLI GEÇEN USULY-AMALY OKUWLAR

Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Türkmenistanyň Bilim minisrtligi bilen ylalaşylan 2025-nji ýyl üçin hünär kämilleşdiriş okuwlarynyň Meýilnamasyna laýyklykda, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” 2025-nji ýylyň fewral aýynyň 10-15-i aralygynda Aşgabat şäher we welaýat Baş bilim müdirlikleriniň, Arkadag şäher bilim müdirliginiň hem-de etrap (şäher) bilim bölümleriniň umumybilim edaralarynyň iş hyzmaty bäş ýyldan az bolan müdirleri bilen «Umumybilim edaralarynda ýolbaşçylygyň hem-de okuw-terbiýeçilik işleriniň ýola goýluşy» atly usuly-amaly okuwlar geçirildi.

Usuly-amaly okuwlarda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bölüm müdirleri, usulyýetçi ylmy işgärleri hem-de Aşgabat şäheriniň tejribeli mekdep ýolbaşçylary tarapyndan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna (rejelenen görnüşi) we «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna” laýyklykda, mekdepde işjeň psihologik gurşawy döretmekde we bilim işgärleriniň pedagogik ussatlygyny kämilleşdirmekde mekdep müdiriniň wezipe-borçlary, umumybilim edaralarynda okuw sapaklarynyň tertibiniň düzülişine, mugallymlaryň sapak ýazgylaryna, ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydyna bildirilýän talaplar, Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim ulgamyny özgertmek boýunça kabul eden Permandyr Kararlaryny, Kanunlary, Döwlet we Milli maksatnamalary, Konsepsiýalary durmuşa geçirmek boýunça mekdep ýolbaşçylarynyň ýöretmeli iş resminamalary, umumybilim edaralarynda hukuk kadalarynyň berjaý edilişi barada söhbetler okaldy.

Şeýle-de, usuly-amaly okuwlaryň diňleýjilerine umumybilim berýän orta mekdebi dolandyrmak boýunça resminamalar bilen işlemegiň, mekdepleriň işini meýilnamalaşdyrmagyň, onuň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegiň, mekdep ýolbaşçylary tarapyndan mugallymlaryň sapaklaryna gatnaşmagyň, olara usuly maslahatlary bermegiň we okuw dersleri boýunça okuwçylaryň bilim derejelerine gözegçilik etmegiň täzeçe usullary, zähmet we hünär ugurly okuwlary okatmagyň usulyýet aýratynlyklary, umumybilim berýän mekdepde arassaçylyk-gigiýena düzgünlerini berjaý etmegiň talaplary, okuwçylara howpsuzlyk düzgünlerini öwretmegiň ýollary baradaky düşündirişler, sanly serişdeleriň mümkinçiliklerinden we innowasion tehnologiýalardan peýdalanmagyň, ýaş nesli milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza buýsanç ruhunda, ynsanperwer kadalarymyz hem-de meşhur şahsyýetlerimiziň nusgalyk keşpleri esasynda terbiýelemek baradaky çykyşlar diňleýjilerde uly täsir galdyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, döwrebap bilimli, sagdyn bedenli, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, watansöýer, giň dünýägaraýyşly, öňdebaryjy, innowasion tehnologiýalardan bаş çykarýan zehinli ýaşlaryň kämil neslini kemala getirmek, okatmagyň täze we ýokary netijeli usullaryny iş tejribesine ornaşdyrmak babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemal tapan ylmy-ensiklopedik eserlerinden, şol sanda “Hakyda göwheri” kitabyndan, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet”, “Ýaşlar – Watanyň daýanjy”, “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitaplaryndan peýdalanmagyň usullaryna degişli maslahatlar berildi.

Usuly-amaly okuwlaryň diňleýjileri üçin Aşgabat şäherindäki 29-njy orta mekdepde tejribe işleri geçirildi. Bu mekdepde mekdep ýolbaşçylarynyň iş resminamalarynyň ýöredilişi, mekdepde içki gözegçiligi ýola goýmak, sapaklara gatnaşmak we seljerme bermek, okuwçylaryň bilim derejeleriniň barlamak, sapakdan daşary çäreleri geçirmek, Hormatly Prezidentimiziň türkmen jemgyýetine sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kadalaryny giňden ornaşdyrmak boýunça tabşyryklaryna laýyklykda, mekdepde jemgyýetçilik guramalary, ata-eneler, hukuk goraýjy edaralar we hemaýatçy kärhanalar bilen sazlaşykly iş barmak barada tejribe alyşdylar. Mekdebiň mugallymlarynyň we zehinli okuwçylarynyň işläp taýýarlan görkezme esbaplarynyň toplumyndan guralan sergilikleri synladylar. Mugallymlaryň guran täsirli açyk sapaklaryna gatnaşdylar we olara ylmy-usulyýet taýdan seljerme berdiler.

«Tegelek stoluň» başynda guralan söhbetdeşlik usuly-amaly okuwlaryň diňleýjileri üçin has-da täsirli boldy. diňleýjilerden «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, bilim işgärleriniň halypa-şägirt gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň, umumybilim berýän mekdeplerde usuly işleri ýola goýmagyň, mugallymlaryň sapak ýazgylaryna we sapagy ýokary hilli guramagyna gözegçilik etmegiň hem-de olara usuly maslahatlary bermegiň, mekdeplerde okuwçylary ders bäsleşiklerine, olimpiadalara taýýarlamagyň we olary hünärlere gözükdirmegiň usullary boýunça sorag-jogap, tejribe alşyldy.

Täsirli we mazmunly geçen usuly-amaly okuwlara gatnaşan ýurdumyzyň mekdep ýolbaşçylary milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň  uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyga beslenmegini arzuw etdiler. 

Ogulbaýram MELÄÝEWA,  

Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň

Jemgyýetçilik bilimler bölüminiň müdiri

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address