Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Türkmen wekiliýetiniň Germaniýa Federatiw respublikasyna iş sapary

19.02.2025

329

Türkmen wekiliýetiniň Germaniýa Federatiw respublikasyna iş sapary

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň Aşgabat şäherinde täze gurulýan 500 orunlyk Halkara Onkologiýa ylmy-kliniki merkezine bolan iş sapary döwründe bu merkezde bir bitewi seljeriş-intellektual bölümi döretmek barada tabşyryklar berdi. Seljeriş-intellektual bölümini döretmek işini ýola goýmak babatda zerur bolan internet, sanly ulgam, maglumat howpsuzlygy, emeli aň we kompýuter programmalarynyň üpjünçiligini ýerinde öwrenmek maksady bilen, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň hem-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekillerinden ybarat bolan topar 2025-nji ýylyň 3-15-nji fewralynda Germaniýa Federatiw respublikasynyň öňdebaryjy hassahanalarynda we klinikalarynda iş sapary bilen boldylar. Iş saparynyň dowamynda wekiller Fraýbrug uniwersitet hassahanasy, RWTH Ahen uniwersitet klinikasy, Heidelberg uniwersitet hassahanasy, Göttingen hassahanasy, Lýudwig Maksimillian adyndaky Mýunhen uniwersitetiniň Groshadern klinikasy, Augsburg uniwersitet hassahanasy we Fürstenfeldbruk hassahanalaryna bardylar. Hassahanalaryň  lukmançylyk işgärleri, IT we intellektual-seljeriş bölümleriniň hünärmenleri bilen duşuşyldy we sanly lukmançylyk boýunça soraglar ara alnyp maslahatlaşyldy. Olaryň elektron lukmançylyk, hassa maglumatlary, dermanhana, tejribehana maglumat ulgamlary, programma üpjünçilikleri, sanlylaşdyrmak, maglumat howpsuzlygy we emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we ulanmak boýunça tejribeleri, IT bölümleriň işiniň gurnalyşy, hünärmenler bilen üpjünçiligi, programma üpjünçilikleriniň peýdalanylyşy, tehniki hyzmat etmek we beýleki guramaçylyk işleriniň alnyp barlyşy babatynda tejribeler öwrenildi.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address