Aşgabat
News
33
Türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyp ýaşlary gatnaşýarlar. Has takygy, şol ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Atamyrat Altyýewiñ ýolbaşçylygynda uniwersitetiñ 3-nji ýyl talyby Süleýmanmuhammet Şamuhammedow we uniwersitetiñ 2-nji ýyl talyby Aýmyrat Halnazarow Senagat galyndy materialyndan ýaşyl sement almagyñ ylmy esaslary atly ylmy iş bilen Türkmenistandan wekilçilik edýärler.
Ýaşlaryñ Halkara ylym sergi (YISF) bäsleşigi jemgyýetçilik ylymlary, daşky gurşaw, ýaşaýyş ylymy, innowasion ylymlar we inženerçilik ýaly bäş ugur boýunça geçirilip 24 ýurtdan 446 topar gatnaşýar.
Bu Halkara bäsleşik Indoneziýanyň Ýaş alymlar assosiasiýasy tarapyndan guralyp, onuň çäklerinde dürli ulgamlara innowasiýalary ornaşdyrmagyň gelejegi maslahatlaşylýar, ylmyň we tehnologiýanyň gelejegine täsirini ýetirip biljek alymlaryň we inženerleriň ýeten üstünlikleri bilen tanyşdyrylýar. Halkara bäsleşik oňa gatnaşyjylar üçin ylmy işleri bilen tanyşdyrmak we bu ugurdaky halkara gatnaşyklaryny ösdürmek, şeýle-de bilim we innowasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmek üçin amatly meýdança bolar.
Dürli ýurtlardan gelen gatnaşyjylar durnukly ösüş, daşky gurşawy goramak we täze tehnologiýalaryň ösüşi ýaly global meseleleriň çözgüdine gönükdirlen innowasion ylmy işleri bilen tanyşarlar.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener tehnologiýalar uniwersitetiniň talyp ýaşlary we beýleki gatnaşyjylar üçin çäre ylmy işleri bilen tanyşdyrmak we halkara gatnaşyklary ösdürmek, bilim we innowasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmek üçin gowy mümkinçilik bolar. 2025-nji ýylyň fewral aýynyň 21-25 aralygynda geçýän bu bäsleşik öz meýilnamasy boýunça 24-nji fewralda ýeňiji bolan ylmy işleriň eýelerini sylaglamak dabarasy geçiriler.
744000, Turkmenistan, Ashgabat city, Baktyarlyk etrap, Magtymguly avenue, 136 house
Takyk ulgam. All rights reserved. 2024