
News
136
21-nji fewralda Almaty şäherinde inženerçilik we robototehnika boýunça «Almaty Tech Cup — 2025» halkara çempionaty başlandy. Bu ýaryşa iki sany türkmen topary hem gatnaşýar.
Bu abraýly bäsleşik dürli ýurtlardan gelen ýaş inženerleri, programma düzüjileri we oýlap tapyjylary bir ýere jemläp, olara robototehnika, programmirleme we tehniki taslamalary taýýarlamak boýunça bilimlerini we başarnyklaryny görkezmek üçin ajaýyp meýdança bolup hyzmat edýär.
Şeýle çäreler tehnologik meseleleri çözmäge ukyply täze nesil hünärmenleriniň kemala gelmegine ýardam berýär. Mundan başga-da, çempionat Hindistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Mongoliýa, Türkiýe, Özbegistan we Türkmenistan ýaly ýurtlaryň toparlaryna tejribe alyşmak, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de özara gatnaşykda bolmak üçin amatly şertleri döredýär.
Çäräniň guramaçylary türkmen toparlarynyň ýokary derejede taýýarlyk görendigini belläp, olaryň bilimleriniň, inženerçilik başarnyklarynyň we robototehnika taslamalaryny taýýarlamak ukyplarynyň ýokarydygyny aýratyn nygtadylar.
Geçen 2024-nji ýylyň 7-8-nji dekabry aralygynda Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda onlarça zehinli ýaş inerženerleriň gatnaşmagynda robot bäsleşiginiň geçirilendigini hem bellemelidiris.