Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmen ýaşlary Indoneziýanyñ Malang şäherinde geçirilýän ýaşlaryñ 5-nji Halkara ylym sergi (YISF) bäsleşigine özleriniň ylmy işleri bilen gatnaşyp altyn medallara eýe boldular

25.02.2025

465

Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmen ýaşlary Indoneziýanyñ Malang şäherinde geçirilýän ýaşlaryñ 5-nji Halkara ylym sergi (YISF) bäsleşigine özleriniň ylmy işleri bilen gatnaşyp altyn medallara eýe boldular

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, adamzadyň iň uly baýlygy ylym we bilimdir. Ylym, blim, kämilligiň, rowaçlygyň bagtyýarlygyň, röwşen geljegiň açarydyr. Jemgyýetiň hereketlendiriji güýjidir. Kämilligiň ösüşiň galkynyşyň, gözýetimiň çägi ýokdur. Parahatçylygyň binýady hem şerti hasaplanýan ylymda gazanylýan netijeler hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy toýlanjak şanly 2025-nji ýylyň buýsançly gadamlaryny bezeýär.

Türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Has takygy, uniwersitetiň mugallymy Atamyrat Altyýewiñ ýolbaşçylygynda uniwersitetiñ 3-nji ýyl talyby Süleýmanmuhammet Şamuhammedow we 2-nji ýyl talyby Aýmyrat Halnazarow  Senagat galyndy materialyndan ýaşyl sement almagyñ ylmy esaslary atly ylmy iş bilen Türkmenistandan wekilçilik edip, şu aşakdaky netijeleri gazandylar:

Ýaşlaryñ Halkara ylym sergi (YISF) bäsleşigi   jemgyýetçilik ylymlary, daşky gurşaw, ýaşaýyş ylymy, innowasion ylymlar we inženerçilik ýaly bäş ugur boýunça geçirilip 24 ýurtdan 446 topar gatnaşdy.

Bu Halkara bäsleşik Indoneziýanyň Ýaş alymlar assosiasiýasy tarapyndan guralyp, onuň çäklerinde dürli ulgamlara innowasiýalary ornaşdyrmagyň gelejegi maslahatlaşylýar, ylmyň we tehnologiýanyň gelejegine täsirini ýetirip biljek alymlaryň we inženerleriň ýeten üstünlikleri bilen giňişleýin tanyşdyrylýar. Halkara bäsleşik oňa gatnaşyjylar üçin ylmy işleri bilen tanyşdyrmak we bu ugurdaky halkara gatnaşyklaryny ösdürmek, şeýle-de bilim we innowasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy yzygiderli berkitmek üçin amatly meýdança boldy.

Bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistan, Indoneziýa, Awstriýa, Hytaý, Gazagystan, Fillippin, Günorta Afrika, Meksiko, Gonkong, Saud Arabystan, Günorta Koreýa, Özbegistan, Taýland, Birleşen Arab Emirlikleri, Bangladeş, Eýran, Ruminiýa, Brazilýa, Turkiýa, Singapur, Wýetnam, Amerikanyñ Birleşen Ştatlary, Hindistan we Malaýziýa ýaly dürli ýurtlaryň gatnaşyjylary durnukly ösüş, daşky gurşawy goramak we täze tehnologiýalaryň ösüşi ýaly global meseleleriň çözgüdine gönükdirlen innowasion ylmy işleri bilen tanyşdylar.

Şeýle hem okaň: Turkmenportal

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address