Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

«Aýyň türgeni» atly SMS bäsleşigi

25.02.2025

309

«Aýyň türgeni» atly SMS bäsleşigi

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» teleýaýlymy, Mahabat müdirligi we Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty «Aýyň türgeni» atly SMS bäsleşigi yglan etdi.

Her aýyň başynda bäsleşigiň şertleri yglan edilip, aýyň soňky günlerinde bolsa iň köp SMS toplamagy başaran türgen «Aýyň türgeni» adyna mynasyp bolar. «Türkmenistan Sport» teleýaýlymynda bäsleşikli telegepleşigi Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby Parahat Mämmetnurow alyp barar we gepleşige Gülendam Berdiýewa redaktorlyk eder.

Bäsleşigiň ilkinji aýynda ýedi sany sport görnüşi - türkmen milli göreşi, guşakly göreş, agyr atletika, dzýudo, kýokşinkaý karate, küşt we kuraş boýunça Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň halkara ýaryşlarda iň gowy netijeleri görkezen ýedi sany türgeni gatnaşar.

Aýyň dowamynda teletomaşaçylara türgenleriň her biri, olaryň gündelik türgenleşikleri, halkara ýaryşlardaky tutluşyklaryndan taýýarlanan wideorolikler hem-de türgenleriň görkezen iň gowy netijeleri babatdaky maglumatlar ýetiriler.

Türgenlere aýratynlykda tertip belgileri yglan edildi. Bäsleşigiň ýeňijisi diňe tomaşaçylaryň beren SMS sesleriniň netijesinde saýlanar. Bäsleşigiň netijeleri onlaýn usulynda turkmentv.gov.tm resmi web saýty arkaly tomaşaçylar üçin elýeterli bolar.

Bäsleşigiň ýeňijisine gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary gowşurylar hem-de ol barada ýörite telefilm taýýarlanar.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň halkara ýaryşlarda iň gowy netijeleri görkezen ýedi sany türgenine ses bermäge çagyrýarys.

Ses bermek üçin 0518 belgä aşakdaky türgenlere degişli diňe san belgisini ýazyp ibermek ýeterlik. Netijeler bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Şahzadbek Matýakubow – 7

Sabina Kadyrowa – 8

Nurmuhammet Baýdogdyýew – 9

Guwanç Hemraýew – 10

Maýsa Pardaýewa – 11

Amanmuhammet Hommadow – 12

Gülnabat Ýazylowa – 13

Çeşmesi: Türkmen Döwlet Bedenterbiýe we Sport Instituty

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address