
News
613

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň esasynda milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, ösüp gelýän ýaş nesle ýokary hilli bilim hem-de mynasyp edep-terbiýe bermäge, bu ulgamyň maddy üpjünçilik binýadyny yzygiderli pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär.
Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň mugallymçylyk ussatlygyny has-da kämilleşdirmek işleri möhüm orun tutýar. Bu möhüm ugurda Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň gymmatly tabşyryklaryny we ugur-görkezmelerini üstünlikli durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň bilim edaralarynda giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy.
Ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli tutumly işler eziz Watanymyzyň geljegi bolan çagalarymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, olara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge gönükdirilendir. Şoňa görä-de, Türkmenistan bagtly çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy hökmünde ykrar edildi. Bu işleriň sakasynda bolsa döwletimizde edilýän irginsiz aladalar, çagalar babatda alnyp barylýan ynsanperwer döwlet syýasaty durýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini bu günki gün mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz eziz Watanymyzy täze üstünlikleriň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur ynsanperwerlige ýugrulan beýik işleri halkymyzda uly ruhubelentlik döredýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy bilen ýüzlerçe çagalaryň saglyklary dikeldildi.
Belli bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 29-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti «Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hakynda» çuňňur ynsanperwerlige ýugrulan taryhy Karara gol çekdi. Şeýlelik bilen, Gahryman Arkadagymyz adam baradaky aladany üpjün etmegiň täze bir ugruna badalga berdi. Haýyr-sahawat edarasynyň döredilen gününiň özünde, Türkmenistanyň Mejlisi Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny dakmak hakynda karar çykardy. Şonuň özi hem adam baradaky aladanyň bu düýpli tutumy bilen Gahryman Arkadagymyzyň adyny ebedi baglanyşdyrdy. Munuň özi kanuny ýagdaý hökmünde il-ulusymyzda, şol sanda bilim ulgamynyň işgärlerinde hem egsilmez şatlygy we hoşallygy döretdi. Çünki adam baradaky çuňňur ynsanperwerlige ýugrulan aladany Gahryman Arkadagymyzdan aýratynlykda göz öňüne getirmek asla mümkin däldir.
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, 12 ýyllyk hökmany orta bilime geçilmegi ýurdumyza okatmagyň we bilim almagyň hilini has-da gowulandyrmakda aýgytly ädimleri ätmage mümkinçilik berdi. Mugallymlara ähli çagalaryň şol sanda saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli bolan çagalaryň zerurlyklaryny göz öňünde tutýan ösüp gelýän ýaş nesliň sazlaşykly ösüşi babatdaky goşmaça tejribeleri almak, zerur bilimleri we interaktiw usulyýetleri öwrenmek, olary okuw-terbiýeçilik işlerinde peýdalanmak döwrüň talaby bolup durýar. Häzirki zaman jemgyýetiň we ykdysadyýetiň bildirýän ýokary talaplaryna laýyklykda, çagalary terbiýelemek üçin zerur başarnyklary kämilleşdirmegi goldamak boýunça okuw maksatnamasyny we okatmagyň usullaryny, şol sanda kämil sanly bilim mümkinçiliklerini hem-de inklýuziw bilimi mundan beýläk hem ösdürmek wajyp wezipeleriň biri hasaplanýar. Bu möhüm wezipäni çözmekde döwletimizde tutumly işleriň durmuşa geçirilýändigini, dünýäniň iri we abraýly halkara guramalary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy (ÝUNISEF) bilen işjeň hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny bellemek gerek.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 25-nji maýynda kabul eden Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» kesgitlenen maksatlara we wezipelere görä, saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar bilen işlemegiň aýratynlyklaryny nazara alyp, sapaklary (inklýuziw bilim) dünýä tejribesine laýyklykda, köp ugurly pedagogik işgärleri we olaryň işini usulyýet taýdan düzgünleşdirýän ylmy-usuly we okuw-usuly gollanmalary işläp taýýarlamak maksat edinilýär. Şunda bu ugurda zähmet çekýän pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga we mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmäge möhüm orun degişli bolup durýar.
Türkmenistanyň Bilim minisrtliginiň işläp düzen we tassyklan iş meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli bilim instituty tarapyndan ýakynda Aşgabat şäher we welaýat Baş bilim müdirlikleriniň, Arkadag şäher bilim müdirliginiň, etrap (şäher) bilim bölümleriniň saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli çagalar üçin ýörite mekdebe çenli çagalar hem-de umumybilim edaralarynyň pedagogik işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olaryň mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli çagalar üçin ýörite bilim edaralarynda okuw-terbiýeçilik işleriniň guralyşy we gözegçiligiň ýola goýluşy» atly usuly-amaly okuw geçirildi. Bu usuly-amaly okuwa ýurdumyzyň çäginde hereket edýän saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli çagalar üçin ýörite mekdebe çenli çagalar hem-de umumybilim edaralarynyň pedagogik işgärleriniň 40-a golaýy diňleýjiler hökmünde gatnaşdylar. Usuly-amaly okuwyň esasy maksady saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli çagalar üçin ýörite mekdebe çenli çagalar hem-de umumybilim edaralarynyň pedagogik işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň we olaryň mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim minisrtliginiň işläp düzen we tassyklan iş meýilnamasyna laýyklykda, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» fewral-maý aýlarynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda ýörite bilim edaralarynyň pedagogik işgärleri bilen geçirilmegi meýilleşdirilen hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlarynyň temalarynyň atlaryny we mazmunyny, okuwlary guramagyň we geçirmegiň düzgünlerini, ýörite bilim edaralarynda okuw-terbiýeçilik işleriniň guralyşynyň we gözegçiligiň ýola goýluşynyň usulyýet aýratynlyklaryny ara alyp maslahatlaşmakdan hem-de usuly-amaly okuwlary ýokary guramaçylyk derejesinde has-da netijeli geçirmekden ybaratdyr.
Usuly-amaly okuwyň diňleýjilerine Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň usulyýetçi alymlary we ylmy işgärleri bilen birlikde, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlary, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hünärmenleri, Aşgabat şäheriniň mekdebe çenli we umumybilim edaralarynda zähmet çekýän baý iş tejribeli, öňdebaryjy, täzelikçi pedagogik işgärleri gyzykly sapaklary berdiler, özara tejribe alyşdylar.
Usuly-amaly okuwa gatnaşan diňleýjilere söhbetleri okan pedagogik işgärleriň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygar bilen uly üstünliklere beslenip geçen 2024-nji ýylymyzyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Milli bilim instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň Naberežnyýe Çelny Döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda baglaşylan Ähtnama laýyklykda, noýabr aýynyň 18-26-sy aralygynda bu ýokary okuw mekdebiň professor-mugallymlarynyň Milli bilim institutynyň binýadynda guran hünär derejesini ýokarlandyryş usuly-amaly okuwlaryna gatnaşyp, öz hünärlerini kämilleşdirendiklerini hem bellemek gerek.
Ýurdumyzyň çäginde hereket edýän saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli çagalar üçin ýörite mekdebe çenli çagalar hem-de umumybilim edaralarynyň pedagogik işgärleri üçin guralan usuly-amaly okuwyň diňleýjileri saglygy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalaryň psihologik aýratynlyklary, akyl taýdan yza galan çagalarda dil düzediş işleriniň geçirilişi, eşidişiň bozulmasynyň etnologiýasy, klassifikasiýasy we anyklaýyş işiniň usullary, eşidişinde kemçiligi bolan çagalarda düzediş işleriniň geçiriliş usullary, irki ösüş we goşulyşmanyň hyzmatynyň esasy düşünjeleri, saglygy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar bilen işlemegiň aýratynlyklary, mekdebe çenli ýaşly çagalaryň irki autizmi ýaly temalar boýunça guralan söhbetleriň özlerinde has-da uly täsirleri galdyrandygyny, bu temalar boýunça täze ylmy maglumatlary öwrenendiklerini, zerur usuly maslahatlary alandyklaryny aýratyn nygtap bellediler.
Usuly-amaly okuwyň diňleýjileri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijilikli zähmet çekmek, dynç almak, öz hünär derejelerini ýokarlandyrmak we mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek babatynda döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çyn ýürekden çykýan hoşallyklaryny aýtdylar.
Sapargeldi Durdyýew,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bölüm müdiri,
biologiýa ylymlarynyň doktory.