Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

“Emeli aň arkaly bilim bermek işiniň kämilleşdirilişi” atly ylmy-amaly maslahaty

25.02.2025

466

“Emeli aň arkaly bilim bermek işiniň kämilleşdirilişi” atly ylmy-amaly maslahaty

2025-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurnamagynda Bilim ulgamyna sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyny dowam etdirmek maksady bilen “Emeli aň arkaly bilim bermek işiniň kämilleşdirilişi” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.                             

Maslahatyň dowamynda şekillendiriş sungatynda emeli aňyň ulanylyşy, binagärlik we landşaft dizaýnynda emeli aňyň ähmiýeti, emeli aň arkaly sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, emeli aň tehnologiýalarynyň medeniýet ulgamyna edýän täsiri, medeni mirasyň täzeden dikeldilmeginde emeli aňyň mümkinçilikleri we emeli aňyň etikasy barada Maglumatlar tehnologiýalarynyň Türkmen-hindi merkeziniň hünärmenleri we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň çykyşlary diňlenildi. Çykyşlar maslahata gatnaşýan mugallymlar we talyplar üçin has-da täsirli boldy.

Maslahata gatnaşyjylar emeli aňyň ösüşini we peýdalanylyşynyň etikasyny göz öňünde tutmak bilen döwrüň talaplaryna laýyklykda bilim bermek işini kämilleşdirmek boýunça pikir alyşdylar we bu babatda birnäçe teklipleri maslahatlaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar akademiýanyň eýwanynda guralan şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ugurlarynda mugallymlaryň we talyplaryň ýerine ýetiren birnäçe işlerine uly gyzyklanma bilen syn etdiler.

Maslahata gatnaşyjylar çykyş eden hünärmenlere, mugallymlara we talyplara emeli aň boýunça beren täsirli maglumatlary üçin minnetdarlyklaryny bildirdiler.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address