Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

DAŞARY ÝURT DILLERI BOÝUNÇA DÖWLET BÄSLEŞIGINIŇ II TAPGYRY ÜSTÜNLIKLI GEÇIRILDI

25.02.2025

576

DAŞARY ÝURT DILLERI BOÝUNÇA DÖWLET BÄSLEŞIGINIŇ II TAPGYRY ÜSTÜNLIKLI GEÇIRILDI

Okaýanlaryň bilimlerini barlamak, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, özbaşdak işlemek endiklerini ösdürmek, döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak, olary höweslendirmek hem-de olaryň daşary ýurt dillerini öwrenmeginiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň yglan eden Eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli görnüşdäki gysga möhletli okuwlary guraýan bilim edaralarynda okaýanlaryň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça Döwlet bäsleşiginiň II tapgyry, ýagny Aşgabat şäheri we welaýat tapgyrlary 2025-nji ýylyň 21-nji fewralynda üstünlikli geçirildi. Döwlet bäsleşigi adatdakylar ýaly iňlis hem-de rus dilleri boýunça 4 ýaş derejesi boýunça guraldy. Döwlet bäsleşiginiň II tapgyrynda gysga möhletli okuwlary guraýan okuw merkezleriniň I tapgyrda ýeňiş gazanan jemi 705 sany diňleýjileri öz zehinlerini synadylar. Eýýäm üçünji gezek geçirilýän bu Döwlet bäsleşigi ýurdumyzyň ähli künjeklerinden daşary ýurt dilleri bilen gyzyklanýan ýaş zehinleri, daşary ýurt dilleri boýunça mugallymlary hem-de ýurdumyzyň eýeçiligiň dürli görnüşindäki döwlet we hususy eýeçilikdäki okuw merkezleriniň wekillerini bir ýere jemlemegi bilim ulgamynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” ýatdan çykmajak wakalarynyň birine öwrüldi. Döwlet bäsleşiginiň bu tapgyry Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty boýunça D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda okuw merkezleriniň hem-de olaryň şahamçalarynyň 15 topardan düzülen jemi 174, Balkan welaýaty boýunça Balkanabat şäherindäki tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebinde 7 topardan düzülen 83, Daşoguz welaýaty boýunça Türkmen oba hojalyk institutynda 8 topardan düzülen 122, Lebap welaýaty boýunça Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda 7 topardan düzülen 121, Mary welaýaty boýunça Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda 13 topardan düzülen 205, jemi Türkmenistan boýunça Döwlet bäsleşiginiň II tapgyryna 50 topardan düzülen 705 sany diňleýjiler özära bäsleşdiler. II tapgyryň netijesi boýunça Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty boýunça 35, Balkan welaýaty boýunça 31, Daşoguz welaýaty boýunça 47, Lebap welaýaty boýunça 42, Mary welaýaty boýunça 48 sany, jemi ýurt boýunça 203 diňleýji 2025-nji ýylyň 19-20-nji martynda geçiriljek jemleýji III tapgyryna, ýagny döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşik açyklyk we aýdyňlyk esasynda geçirilip, Merkezi guramaçylyk toparynyň utgaşdyrmagynda ýerlerde döredilen Guramaçylyk toparlarynyň, Eminler toparlarynyň hem-de Gözegçi toparlarynyň öz öňlerinde goýlan wezipelerini üstünlikli amala aşyrmaklarynda geçirildi. II tapgyryň ýeňijilerine Aşgabat şäher hem-de welaýat Baş bilim müdirlikleriniň degişli derejeli diplomlary gowşuryldy. Döwlet bäsleşigine hödürlenilýän ýumuşlar bäsleşigiň geçirilýän senesinde ähli gatnaşyjy okuw merkezleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda hem-de emeli aň tehnologiýasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp taýýarlanyldy we şol wagt hem bäsleşige gatnaşyjy diňleýjilere hödürlenildi. Bäsleşigiň gidişi ýerlerden göni ýaýlymda alnyp Merkezi guramaçylyk topary tarapyndan gözegçilik edildi. Her bir gatnaşyjy diňleýjiniň synag jogaplarynyň netijesini tabşyran wagtynda täze tehnologiýanyň mümkinçilikleri peýdalanylyp şol wagt diňleýjiniň özüne dogry we nädogry jogaplaryny görkezip gazanan bahasy aýdylyp goýberildi. Şeýlelikde, bäsleşigiň ahyrynda hem-de ertesi güni öz netijeleri bilen gaýtadan gyzyklanan ähli diňleýjilere, olaryň mugallymlaryna hem-de ene-atalaryna bäsleşigiň netijeleri bilen tanyşmaklary üçin elýeter edildi.

Daşary ýurt dilleri boýunça Döwlet bäsleşigi Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2022-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky 342 belgili buýrugy bilen tassyklanyp Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2022-nji ýylyň 26-njy noýabrynda 1663 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan “Eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan ähli görnüşdäki gysga möhletli okuwlary guraýan bilim edaralarynda okaýanlaryň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça döwlet bäsleşigini geçirmegiň Düzgünnamasyna” hem-de Bilim ministriniň “Eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli görnüşdäki gysga möhletli okuwlary guraýan bilim edaralarynda okaýanlaryň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça Döwlet bäsleşigini geçirmek hakynda” 2025-nji ýylyň 11-nji ýanwaryndaky 6 belgili buýrugyna laýyklykda, geçirilýän Döwlet bäsleşiginiň II tapgyrynda diňleýjileriň zehinlilerinden hem has ökdeleriniň saýlanmagy 19-20-nji martda geçiriljek jemleýji Döwlet tapgyrynyň juda çekeleşikli boljakdygyny görkezýär. Häzirki wagtda, jemleýji Döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan ýaş zehinleriň eýýämden güýçli depginde jemleýji tapgyra taýýarlyklaryna başlamaklary munuň şeýle boljakdygynyň aýdyň subutnamasydyr. Biz hem, ähli jemleýji tapgyra saýlanan ýaş zehinlerimize öňdäki ýeňil bolmadyk zehin synagynyň bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda üstünlikler arzuw edýäris.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address