Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Arkadag şäherinde "5G" ulgamy - «Huawei» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy

26.02.2025

353

Arkadag şäherinde "5G" ulgamy - «Huawei» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alynyp, «5G» tehnologiýasynyň aýratynlyklaryny öwrenmek we Arkadag şäherinde ornaşdyrmak boýunça «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň «Huawei» kompaniýasynyň arasynda tehniki hyzmatdaşlyk we tehnologiýa alyş-çalyşygy ýola goýuldy.

Häzirki döwürde “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan geçirilen işleriň netijesinde 5G tehnologiýasyny Arkadag şäherine synag görnüşinde goýbermek üçin Hytaý Halk Respublikasynyň “Huawei” kompaniýasyndan birnäçe binýatly aragatnaşyk bekedi gelip gowuşdy.

Mälim bolşy ýaly, Arkadag şäherinde «Altyn Asyr» ÝPGJ-niň öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň tehniki we maglumatlar binýadynda kämil enjamlaryň ornaşdyrylmagy netijesinde öýjükli aragatnaşyk enjamlarynyň üsti bilen «akylly şäher» innowasion tehnologiýalar esasynda ösdürilýär.

5G Baza bekedi (BTS) hem ýokary tizlikli mobil aragatnaşygyny üpjün etmäge niýetlenen öňdebaryjy çözgüt bolan mobil aragatnaşygyň 5G standartynda işleýän kabul ediş-iberiş stansiýasydyr. Ol aragatnaşyk operatorlarynyň ulgamy geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmakda we ulgamyň örtülişini gowulandyrmakda artyp barýan talaplaryny kanagatlandyrmak üçin işläp taýýarlanandyr.

Daşky antennalar - 5G antennalar öýjükli aragatnaşyk torlarynda möhümdir, uly ýerlerde we kyn şertlerde ygtybarly we ýokary hilli signal örtügini üpjün edýär.

Içki antennalar - söwda merkezleri, howa menzilleri we beýleki ýapyk binalar ýaly köpçülik ýerlerinde 5G signal paýlanyşyny üpjün edýär.

Ýagny, 4G ykjam internet 100–150 Mbit/s aralygynda işleýän bolsa, 4G+ ykjam internet 300 Mbit/s tizlikde işleýär.

5G bu mobil aragatnaşyk standartynyň amalda ulanylýan iň soňky neslidir. Ol 1(bir) Gbit/sekunda çenli ýokary tizlikde signaly kabul ediş-ugradyş mümkinçiligini berýän giň geçiriş zolagydyr.

Täze tehnologiýanyň esasy artykmaçlyklarynyň biri her inedördül kilometrde 100 müňe çenli enjamy birikdirmek mümkinçiligi bolýar.

“akylly” şäher we “akylly” öý ulgamlarynyň, önümçilik toplumlarynyň, saglygy goraýyş, bilim, senagat we oba hojalyk pudaklarynyň işini sanly ulgam arkaly dolandyrmakda 5G tehnologiýasy täze innowasion mümkinçilikleri bar. Ýagny:

Bulardan başga-da, 5G «akylly öý» ulgamy hökmünde durmuş şertleriniň biri-biri bilen çalt we päsgelçiliksiz aragatnaşyk saklamagy üçin ýokary maglumat geçiriş tizligini üpjün edýän zerur birikme bolup hyzmat eder. 5G tehnologiýasy islendik internete birikdirilen enjamlary öz içine alar we onlaýn dolandyrar.

Arkadag şäherinde degişli ýokary tizlikli internet ulgamynyň ornaşdyrylmagy bilen şäheriň ähli künjegini 5G tehnologiýasynyň mümkinçilikleri gurşap alar. Bu bolsa dürli ugurlar boýunça amala aşyrylýan işleriň sazlaşykly we dürs ýerine ýetirilmegini üpjün eder.

5G tehnologiýasynyň bekedi Arkadag şäherinde ýakyn geljekde «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan gurnalyp işe goýberiler.

Arkadag şäherinde 5G ulgamyny ornaşdyrmak diňe bir şäher üçin möhüm ädim bolman, eýsem bu tehnologiýany tutuş ýurt boýunça ýaýratmak üçin başlangyç bolar. Bu Türkmenistana innowasiýalary işjeň ornaşdyrýan döwlet hökmünde halkara meýdançada öz ornuny pugtalandyrmaga mümkinçilik berer.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address