Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

“Dünýä halklaryny dosty-ýar eden // Bir belent ykbal sen illere, bedew!” atly dabaraly duşuşyk geçirildi

26.02.2025

230

“Dünýä halklaryny dosty-ýar eden // Bir belent ykbal sen illere, bedew!” atly dabaraly duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň fewral aýynyň 25-ne Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň bilelikde guramagynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Altyn we ýörite baýraklara mynasyp bolan

“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda “Dünýä halklaryny dosty-ýar eden // Bir belent ykbal sen illere, bedew!” atly dabaraly duşuşyk geçirildi.

Dabaraly duşuşykda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary berkarar Watanymyzda Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan türkmen bedewine goýulýan hormat-sarpa, bu babatda amala aşyrylýan işler babatynda belläp geçdiler. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gurlan “akylly” Arkadag şäherinde dünýäde deňi-taýy bolmadyk Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň ýokary bilimli atşynaslary, seýisleri taýýarlamakdaky hyzmaty, şeýle-de, Arkadag şäherindäki Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň döredilmegi türkmen bedewine goýulýan hormatynyň aýdyň subutnamasydygy nygtaldy.

Dabaraly duşuşygyň dowamynda türkmen bedewiniň aýratynlyklary, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň alyp barýan işleri bilen baglanyşykly sowal-jogaplar alşyldy.

Duşuşyk bilen ugurdaş Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Baş okuw binasynyň eýwanynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň mynasyp bolan baýraklarynyň, amaly-haşam sungatynda bedewiň beýany bilen baglanyşykly gymmatlyklaryň sergisi guraldy. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryhy we Magtymguly muzeýlerinde ýerleşdirilen muzeý gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdyryldy.

Dabaraly duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan berkarar döwletimizde parahatçylygyň, abadançylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna gönükdirilen syýasaty, şöhratly taryhymyzy, meşhur şahsyýetlerimizi we milli mirasymyzy, şol sanda türkmen bedewlerimizi  öwrenmäge hem-de olary şöhratlandyrmaga döredip berýän mümkinçilikleri, bilim-ylym we ýaşlar syýasatyny giňden dabaralandyrýandygy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk we alkyş sözleri beýan edildi.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address