Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Aba Annaýew adyndaky  Halkara atçylyk akademiýasy

“DÜNÝÄ HALKLARYNY DOSTY-ÝAR EDEN // BIR BELENT YKBAL SEN ILLERE, BEDEW!” ATLY DABARALY DUŞUŞYK GEÇIRILDI

26.02.2025

191

“DÜNÝÄ HALKLARYNY DOSTY-ÝAR EDEN // BIR BELENT YKBAL SEN ILLERE, BEDEW!” ATLY DABARALY DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň bilelikde gurnamagynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda altyn we ýörite baýraklara mynasyp bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen “Dünýä halklaryny dosty-ýar eden // Bir belent ykbal sen illere, bedew!” atly dabaraly duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan üstünliklerini, ahalteke bedewlerimiz bilen baglanyşykly amaly-haşam sungat eserlerini  synladylar we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryhy we Magtymguly muzeýlerinde ýerleşdirilen muzeý gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdylar.

Dabaraly duşuşykda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan edip, gazanan üstünlikleriniň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň bardygyny döredilen şeýle uly mümkinçilikleriň dowamynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň has-da kämilleşmegine itergi berýändigini uly buýsanç bilen bellediler. Duşuşygyň dowamynda talyplaryň ýerine ýetirmeginde Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewlerine bagyşlan “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” kitaplary boýunça edebi-sazly kompozisiýa we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň aýdymçylar topary tarapyndan aýdymlar ýerine ýetirildi.

Dabaraly duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar medeni baýlyklarymyzy dünýä içre dabaralandyryp, halkymyzyň, ýurdumyzyň abraýyny barha belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlar ýatdylar. Ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek hem-de behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Daýanç Reýimow

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk

akademiýasynyň mugallymy

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address