Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

USSAT MIRASGÄR BILEN TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK

27.02.2025

449

USSAT MIRASGÄR BILEN TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK

2025-nji ýylyň 27-nji fewralynda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler minstrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň guramagynda ussat mirasgär Nurnazar Jumanazarowyň gatnaşmagynda “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşiginiň ýeňijileri bilen duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda halypa mirasgär bilen talyplarymyzyň arasynda sowal-jogap alyşdylar. Duşuşykda halypa medeni mirasymyzy gorap saklamak, ony ösüp gelýän ýaş nesillerimize wagyz etmek, mirasgärlik ugrunda şägirt-halypalyk ýoly, milli we medeni mirasymyzyň diplomatiýadaky üstünlikleri we onuň daşary syýasatdaky tutýan orny barada örän täsirli we gyzykly gürriňleri berdi.

Duşuşygyň barşynda ussat mirasgär bilen bilelikde Türkmen diplomatiýasynyň milli muzeýine gezelenç guraldy. Institutymyzyň talyplarynyň gatnaşmagynda muzeýiň özünde jemleýän aýratynlyklary bilen üç dilde tanyşdyrdylar. Gezelenjiň dowamynda Bitarap Watanymyzyň parahatsöýüji, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyna degişli birnäçe gymmatlyklar bilen ýakyndan tanyşdylar.

Halypa mirasgär Nurnazar Jumanazarowyň beren gyzykly gürriňleri we maglumatlary, talyp ýaşlarda milli we medeni mirasa sarpa goýmak, watansöýüji we ilhalar ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin uly täsir galdyrdy.

Maksat ALYMBAÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby

Çeşmesi: Halkara gatnaşyklary instituty

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address