Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

G.Ezizowyň 85 ýyllygy mynasybetli döredijilik sergisi açylýar

01.03.2025

317

G.Ezizowyň 85 ýyllygy mynasybetli döredijilik sergisi açylýar

2025-nji ýylyň mart aýynyň ilkinji gününde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Sungat galereýasynda XX asyryň türkmen edebiýatynda özboluşly şygyrlary bilen öçmejek yz galdyran görnükli şahyr Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanyp, “Ynam” atly döredijilik sergisi açylýar. Sergide zehinli hem ussat suratkeşler Gahryman Goçmyradowyň, Begenç Berkeliýewiň, Amanmyrat Modyýewyň, Rahman Rahmanowyň, Perhat Işangulyýewiň eserleri hödürlener.

Elbetde sungatda “ynam” düşünjesi diňe bir abstrakt düşünje bolman, eýsem adam gatnaşyklarynyň ähli taraplaryna: şahsy baglanyşykdan, daşarky dünýä bilen gatnaşyklara çenli aralaşýan esasy zerurlykdyr.

Beýik şahyryň doglan güni mynasybetli guraljak “Ynam” sergisi hem görnükli bäş suratkeşiň eserlerini özüne birleşdirýän ajaýyp sungat taslamasy bolup, olaryň her biri ynam düşünjesini özboluşly düşündirýär.

Sergide görkeziljek eserler nakgaşlyk sungatyndan instalýasiýa çenli dürli ugurlary öz içine almak bilen, tomaşaçylara çuňňur we köptaraply tejribäni wada berýär. Sebäbi sergide eserleri hödürlenjek her bir suratkeş, içki gowşaklyk, bitewilige bolan çemeleşme, umyt, lapykeçlik ýaly ynamyň dürli taraplaryny ýüze çykarmagy başarýar.

Açyk wizual şekiller we içgin görnüşler arkaly suratkeşler diňe bir şahsy tejribelerini açyp görkezmek bilen çäklenmän, tomaşaçylary bu göze görünmeýän, ýöne bahasyna ýetip bolmajak baglanyşygyň ähmiýeti baradaky söhbetdeşlige çagyrýarlar.

“Ynamyň” sungat giňişliginde nähili janlanýandygyny görmek we onuň gündelik düşünjämiziň bir bölegine nähili öwrülýändigini duýmak mümkinçiligi Size garaşýar!

Sergi 1-nji martda sagat 17:00-da açylyp, öz işini bir aý dowam eder.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address