
News
334

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakyndaky Permanlaryndan, Kararlaryndan, “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020-2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyndan”, “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işine ornaşdyrmak, şeýle-de çagalara ýokary hilli bilim-terbiýe bermekde we olary başlangyç bilimiň bilim maksatnamasyny özleşdirmäge taýýarlamakda oňyn netijeleri gazanmakda bilim işgärleriniň bilim derejelerini, hünär ussatlyklaryny yzygiderli kämilleşdirmek maksady bilen şu gün Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2025-nji ýyl üçin Iş Meýilnamasyna laýyklykda Ahal welaýatynyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň we ýörite bilim edaralarynyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň gatnaşmaklarynda “Mümkinçilikleri çäkli çagalary mekdebe taýýarlamak, inklýuziw bilim we bu ugurda hünärmenleriň iş tejribelerini kämilleşdirmek” atly döwlet derejesindäki usuly-amaly maslahaty geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň milli bilim ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmäge gönükdirilen özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda, ähli bilim edaralary bilen bir hatarda, mekdebe çenli çagalar edaralarynda berilýän bilimiň hili yzygiderli kämilleşdirilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler milli we dünýä tejribesini özünde jemlemek bilen, mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, bilim edaralarynyň ähli derejelerinde bilim berlişini düýpli ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
Ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bilim işgärleriniň bilim derejelerini, hünär ussatlyklaryny yzygiderli kämilleşdirmek, iň täze tehnologiýalary, innowasion serişdeleri bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar.
Mekdebe çenli çagalar edaralarynda saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar üçin irki ösüş merkezleri hereket edýär. Bu bolsa olaryň ösmegi üçin inklýuziw gurşawy döretmäge mümkinçilik berýär. Dikeldiş merkezli okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň binýadynda ösüşinde bozulmalary bolan çagalar bilen işlemek boýunça synag geňeş beriş nokatlary hereket edýär. Olarda hünärmenleriň dersara toparlary işlemek bilen, saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalara we olaryň maşgalalaryna goldaw berilýär. Munuň özi şol çagalaryň durmuşa uýgunlaşmagyna we umumy görnüşdäki bilim edaralaryna barmagyna ýardam berýär.
Saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalaryň okamagy, terbiýelenmegi, jemgyýete uýgunlaşmagy, saglygynyň berkidilmegi üçin ýörite bilim edaralarynda zerur şertleri döretmek möhüm wezipeleriň hatarynda durýar.
Şu günki maslahat Ahal welaýatynyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň we Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň körpeleriniň aýdym-sazly çykyşlary bilen başlandy. Soňra maslahata gatnaşyjylar öňdebaryjy iş tejribeli bilim işgärleriniň iş usullary esasynda taýýarlan okuw-görkezme esbaplarynyň, usuly işleriň sergisine syn etdiler we Ahal welaýatynyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň mekdebe çenli ýaşly çagalar bölüminde geçirilen göreldeli sapaklara gatnaşdylar, syn etdiler we özara pikir alyşyp seljerdiler.
Mundan başga-da, Maslahatda mümkinçilikleri çäkli çagalary mekdebe taýýarlamakda, inklýuziw bilim iş usuly boýunça hünärmenleriň iş tejribelerini kämilleşdirmekde öňde durýan wezipeler we ösüşinde aýratynlygy bolan çagalaryň kommunikatiw, oýun, durmuş başarnyklaryny kemala getirmek, olary mekdebe taýýarlamagyň usullary barada öňdebaryjy tejribeli bilim işgärleriniň çykyşlary diňlenildi.