Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi “Tokio Marafon ̶ 2025” çäresine gatnaşdy

04.03.2025

155

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi “Tokio Marafon ̶ 2025” çäresine gatnaşdy

2025-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A. Baýramow Ýaponiýanyň paýtagtynda geçirilen “Tokio Marafon - 2025” çäresine gatnaşdy. 

Bu çäre dünýäniň dürli künjeklerinden 38 000-den gowrak gatnaşyjylary bir ýere jemledi. Tokio marafony her ýyl geçirilýär we 42 km 195 metr aralygyny geçmekde bäsleşmäge mümkinçilik berýär. Bu dünýä derejesindäki bir waka bolup, “World Marathon Majors” toplumyna degişli alty sany marafonlaryň biridir we “World Athletics” tarapyndan berlen platina derejesine eýedir. Çäräniň hemaýatkäri Tokio şäher häkimligi bolup durýar.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen bolan gürrüňdeşlikde ilçi A.Baýramow Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmäge, hususan-da ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga gyzyklanma döretmek ugrunda alnyp barylýan işlere uly ähmiýet berýändigini nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan öňe sürlen we Türkmenistanyň Prezidentiniň yzygiderli durmuşa geçirýän toplumlaýyn başlangyçlarynyň netijesinde biziň ýurdumyzda bu maksatlar üçin ähli şertler döredildi.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen sportuň has giňden ösmegine uly goşant goşan möhüm mysallar hökmünde BMG-niň Baş Assambleýasynda kabul edilen kararnamalar, ýagny, “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnamanyň, 3-nji iýuny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň we "Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamanyň kabul edilmegi dünýä jemgyýetçiliginiň biziň ýurdumyzyň öňe sürýän syýasatyna ýokary baha berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Mundan başga-da, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky sport hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär, şol sanda türkmen dzýudoçylarynyň iri sport ýaryşlaryna gatnaşmagyna taýýarlyk görmek üçin hyzmatdaşlyk has hem ösdürilýär.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address