
News
286

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda 2025-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň döwlet usuly merkezi bolan Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Berdimuhamet Annaýew adyndaky maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebinde “Belent ruhly kämil nesli kemala getirmekde enelerimiz edep-terbiýe mekdebidir” atly ylmy-usuly maslahat geçirildi. Bu ylmy-usuly maslahaty Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Ahal welaýat häkimligi gurady.
Däp bolşy ýaly, maslahata gatnaşan öňdebaryjy bilim işgärleri mekdep muzeýi bilen tanyşdylar. Döwlet Baştutanlarymyzyň atalyk kitaplaryndan düzülen kitap sergisine syn etdiler.
Mekdebiň mejlisler zalynda geçen ylmy-usuly maslahatyň barşynda täsirli çykyşlar diňlendi. Çykyşyň dowamynda TMBI-niň Tebigy we takyk bilimler bölüminiň baş ylmy işgäri, biologiýa ylymlarynyň doktory M.Akyýewanyň, mekdep müdiri, “Ýylyň işewür zenany” diýen adyň eýesi O.Durdyýewanyň, TMBI-niň Mekdebe çenli terbiýe we başlangyç bilim bölüminiň uly ylmy işgäri M.Çaryýewanyň, Gökdepe etrabynyň ýöriteleşdirilen 14-nji orta mekdebiniň mugallymy M.Ilgeldiýewanyň , TMBI-niň Zähmet we hünär bilim bölüminiň uly ylmy işgäri M.Bäşimowanyň hem-de Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiniň mugallymy A.Orazmyradowanyň çykyşlaryna giňişleýin orun berildi
Usuly-amaly maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinde, galybersede Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym-mukaddeslige tagzym ” kitabyndaky ene mukaddesliginiň ajaýyp ornuny , Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde enelerimize hormat goýmagyň, ýaş nesli milli ýörelgä laýyklykda terbiýelemegiň egsilmez çeşmedigi hakynda mekdep okuwçylaryna bilim-terbiýe bermekde peýdalanmagyň usullary boýunça degişli maslahatlary berdiler.
Ýurdumyzyň zenanlaryna mynasyp durmuş we döredijilikli zähmet çekmek üçin döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Ogulşat Durdyýewa
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň
Berdimuhamet Annaýew adyndaky
maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we
kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen
27-nji orta mekdebiň müdiri