Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Türkmen ýokary okuw mekdebi ilkinji gezek M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň halkara ylmy maslahatynyň meýdançasy bolar

06.03.2025

414

Türkmen ýokary okuw mekdebi ilkinji gezek M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň halkara ylmy maslahatynyň meýdançasy bolar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýäniň dostana ýurtlary bilen oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmek hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugrudyr. M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň «Lomonosow» atly talyplaryň, aspirantlaryň we ýaş alymlaryň XXXII Halkara ylmy maslahatynyň iki bölümçesiniň Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň binýadynda geçirilmegi hem munuň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr. Halkara özara işjeňligiň şeýle görnüşi biziň ýurdumyzda ilkinji gezek amala aşyrylýar.

2025-nji ýylyň 11-25 aprelinde MDU-da «Lomonosow-2025» atly Halkara ýaşlar ylmy forumynyň çäklerinde «Lomonosow» atly talyplaryň, aspirantlaryň we ýaş alymlaryň XXXII Halkara ylmy maslahaty geçiriler. Ylmy forumyň işiniň M.W.Lomonosow adyndaky MDU-nyň diňe bir Russiýadaky şahamçalarynyň meýdançalarynda däl, eýsem Gazagystanda, Täjigistanda, Ermenistanda, Özbegistanda, Azerbeýjanda we Hytaýda hem ýaýbaňlandyryljakdygyny aýratyn bellemek gerek. Maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň Ýokary lingwistik mekdebinde onuň «Pedagogika bilimi we häzirki zaman bilim tehnologiýalary» we «Terjimäniň nazaryýeti, taryhy we usulyýeti» atly bölümçeleriniň geçirilmegine garaşylýar. Ýaş alymlar, aspirantlar, magistrantlar we talyplar forumyň halkara meýdançasyna hasaba durup, 2025-nji ýylyň 14-nji martyna çenli «Lomonosow» ylym-bilim portalynyň degişli bölümi arkaly öz çykyşlarynyň gysgaça beýanlaryny ugradyp bilerler. Maslahatyň iş dilleri: rus we iňlis.

Biziň institutymyzyň geljekki dilçileri we ýaş hünärmenleri öňde duran çärä işjeň taýýarlyk görýärler: olar agzalan bölümçeleriň çäklerinde lingwal pedagogikanyň we terjimeçiligiň derwaýys meseleleri boýunça ylmy çykyşlar ederler. Ylmy işleriň awtorlary ylmy maslahatda çykyş ederler, olaryň ylmy barlaglarynyň gysgaça beýanlary halkara indekslenýän elektron ýygynda giriziler. Mundan başga-da, iň oňat işler diplomlar we degişli hormat hatlary bilen sylaglanar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şöhratly ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda milli ylym-bilim ulgamynyň öňdebaryjy dünýä tejribesiniň esasynda ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykarylmagy ýurdumyzda alnyp barylýan «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Şeýle hem okaň: Turkmenportal

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address