Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Aba Annaýew adyndaky  Halkara atçylyk akademiýasy

«PARAHATÇYLYKLY ÖSÜŞ - MIZEMEZ AHLAK» ATLY BAÝ MAZMUNLY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

05.03.2025

66

«PARAHATÇYLYKLY ÖSÜŞ - MIZEMEZ AHLAK»  ATLY BAÝ MAZMUNLY  SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir ugurda öňe gidişlikler öz beýanyny tapýar.Türkmenistan döwletimiz adamzadyň parahatçylyk we ynsanperwer ýörelgeleriniň has-da baýlaşdyrylýan, sagdyn-durmuş ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylýan ýurdudyr. Häzirki ajaýyp döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda yurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Halkymyz abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Şeýle ajaýyp günlerde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleri, özgertmeleri hakynda söhbet etmek örän ýakymly. Ynha bu gün hem Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” we “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan üstünlikleri mynasybetli “Parahatçylykly ösüş - mizemez ahlak” atly söhbetdeşlik gepleşigi geçirildi. Söhbetdeşlik gepleşigine Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň horamtly il ýaşulysy Amangeldi Orazow hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy Söýenç Ahmedow gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we deňhukukly netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirilýänligi dogrusynda giňişleýin durup geçdiler.

Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy belen gamyşgulak türkmen ahalteke bedewlerine uly ähmiýet berilýär. Şu ýylyň ilkinji hoş habary bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstsnlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy gazanan bu üstünligi türmen halky şatlyk-şowhun bilen garşy aldy. Biziň milli atşynaslyk sungatymyzy halkara derejelere ýetiren pederlerimiziň seýisçilik sungatynyň gaýtalanmajak eserlerini dünýä bermek bilen çäklenmän, bedewleriň arassa ganlygyny, olaryň ajaýyp häsiýetlerini, milli atşynaslyk medeniýetini ebedileşdirip şu günlere kämilleşip ýetip gelendigi dogursynda giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşlik gepleşigi “Arkadag” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

  

 

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk

akademiýasynyň muzeýiniň gözegçisi

Ogulbagt Hojalyýewa

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address