
News
521

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň Bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ösdürmek babatynda alyp barýan döwlet syýasatyndan ugur alyp, ýaş nesliň döwrebap, çuňňur bilim almagy, edep-terbiýeli, ruhubelent, ýagty geljegimizi üpjün etjek mynasyp ýaşlar bolup ýetişmekleri, olara gözellik terbiýesini bermek we körpeleriň çeperçilikukyplaryny ösdürmek, maşgalada ene bilen çaganyň arasyndaky gatnaşygy berkitmek, türkmen halkynyň medeniýetine, däp-dessuryna sarpa goýmak, çagalaryň tebigy zehinini, çeper döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak, Ata Watanyna, Hormatly Prezidentimize, mähriban käbelerine bolan söýgi, buýsanç, duýgularyny terbiýelemek maksady bilen, Aşgabat şäheriniň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparlarynyň körpeleriniň arasynda, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan düzgünnama esasynda, Halkara zenanlar güni mynasybetli “Ejeme sowgat” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik 3 tapgyrda amala aşyryldy. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda birinji tapgyry mart aýynyň 1-ne, etrap tapgyry mart aýynyň 4-ne, şäher tapgyry mart aýynyň 7-ne geçirildi.
Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparlarynyň körpeleri bäsleşigiň etrap tapgyrlarynda tebigy serişdelerden ejelerine sowgat ýasamak, ýasalan sowgady labyzly beýan etmek, ejeleri, eneleri, mamalary, uýalary aýdym-sazly çykyşlaryň üsti bilen Halkara zenanlar baýramy bilen gutlamak ýaly ýumuşlary ustunlikli ýerine ýetirip, 1-2-3-nji orunlary eýeläp, şäher tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň şäher tapgyry şäheriň 128-nji çagalar bakja-bagynda geçirildi. Bäsleşik örän çekeleşikli geçdi. Emin agzalarynyň bäsleşige gatnaşan körpeleriň işlerine beren bahalarynyň netijesinde baş baýraga 129-njy çagalar bagynyň körpesi Ogulşat Eýeberdiýewa, 1-nji orna 176-njy çagalar bakja-bagynyň körpesi Merjen Nurmuhammedowa, 2-nji orna 127-nji çagalar bagynyň körpesi Emin Muhammedow, 3-nji orna 9-njy çagalar bakja-bagynyň körpesi Jeren Azymowa mynasyp boldular we bäsleşige gatnaşan körpeler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Köpetdag etrap geňeşi tarapyndan sowgatlar, Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.
Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň baş hünärmeni,
Şemşat Gurbanowa