Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Aşgabatda daşary ýurt suratkeşleriñ döredijilik sergisi açyldy

13.03.2025

143

Aşgabatda daşary ýurt suratkeşleriñ döredijilik sergisi açyldy

12-nji martda Türkmenistanyñ Şekillendiriş sungaty muzeýinde "Türkmenistan - dost-doganlyk mekany" atly halkara sergisi açyldy. Sergi "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyñ" çäklerinde gecirilip, sungat arkaly umumadamzat gymmatlyklarynyñ ýaýradylmagyna gönükdirilendir.

Sergä gelen adamlar muzeýiñ gaznasynda saklanylýan günbatar Ýewropanyñ sungat eserlerini, daşary ýurtly ussat suratkeşleriñ döreden işlerini görüp bilerler. Şeýle-de bu ýerde dünýä halklarynyñ arasynda dostlugy wasp edýän Türkmenistanyñ halk suratkeşleriniñ eserleri ýerleşdirilendir. Sergide türkmen halkynyñ parahatsöýujilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik we myhmansöýerlik ýaly milli aýratynlyklaryny açyp görkezýän işler sergilendi.

Öz eserleri arkaly parahat we gülläp ösýän Watanymyzy beýan edýän Türkmenistanyñ Döwlet çeperçilik akademiýasynyñ talyplarynyñ işleri sergide aýratyn ýer eýeleýär. Parahatçylyk we hoşniýetlilik ýörelgelerini alamatlandyrýan, dost-doganlygyñ gadymy däplerini acyp görkezýän heýkel eserleri, keramika önümleri we amaly-haşam sungaty myhmanlaryñ ünsüni çekdi.

Her bir sungat eseri bu taryhyñ bölegi bolup, ol döwrüñ ruhuny we awtoryñ içki dünýäsini şöhlelendirýär. Çeper keşpler arkaly suratkeşiñ jemgyýete bolan garaýyşy, parahatçylyk we ynanyşmak baradaky maksatlary, Watanyna bolan mähir muhabbeti we söýgüsi, şeýle hem dost-doganlygyñ we agzybirligiñ ruhy beýan edilýär.

Sergi birnäçe günläp dowam eder.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address