Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

CNPC: Hytaýyň Nebit uniwersitetinde ýokary bilim almak isleýänler üçin kabul edişlik başlandy

16.03.2025

490

CNPC: Hytaýyň Nebit uniwersitetinde ýokary bilim almak isleýänler üçin kabul edişlik başlandy

Hytaýyň “International Ltd.” milli nebitgaz kompaniýasynyň Türkmeinstandaky şahamçasy Hytaýyň Nebit uniwersitetinde (Pekin ş.) ýokary hünär bilimini almak isleýän Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalarynyň kabul edilşigi barada habar berýär. Okuwlar aşakdaky ugurlar boýunça geçirilýär:

- Nebitgaz inženerçiligi;

- Nebiti we gazy geçirmek we saklamak;

- Nebit we gaz, hem-de mineral serişdeler ýataklarynyň geologiýasy we gözlegleri;

- Nebit we gaz ýataklarynyň işläp taýýarlanylşy we ulanylşy;

- Himiýa inženerçiligi we tehnologiýa;

- Mehaniki taslamalaşdyrma we awtomatizasiýa.

Synag seçip almasy iki tapgyrda geçirilýär: matematika, himiýa we fizika dersleri boýunça test-syngagy hem-de iňlis dili bilimini barlamak üçin söhbetdeşlik.

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:

- 25 ýaşdan uly bolmadyk;

- Türkmenistanyň raýaty;

- Iňlis dilini gowy bilmek;

- Gowy bahalar, ösmek mümkinçiligine ukyply (10-njy we 11-nji synp boýunça hem-de 12-nji synpyň birinji iki çärýegi boýunça attestatda, ýetişikleri baradaky ýyllyk tabellerde 3-lük bahalarynyň (kanagatlanyrly bahalar) ýoklugy);

- Gutarnykly orta, ýörite orta we orta hünär bilimi;

- Kazyýet jogapkärçiligine çekilmedik.

Gerekli resminamalaryň sanawy:

- Şahamçanyň bellenen formasynda okuwa kabul etmek baradaky maglumatnama-haýyşnama (maglumatnamany resminamalaryň tabşyrylan wagtynda şahamçada alyp we dolduryp bolýar);

- Mekdep uçurymlary üçin orta bilim baradaky attestatyň notarius tarapyndan tassyklanan nusgasy; 2025-nji ýylda orta mekdebi tamamlaýan okuwçylar synp ýolbaşçysy, okuw bölüminiň müdiriniň orunbasary we mekdep müdiri tarapyndan tassyklanan 10–njy we 11–nji synp boýunça ýetişikleri baradaky ýyllyk tabelleri hem-de 12-nji synpyň birinji iki çärýegi ýobunça ýetişikleri baradaky tabeli hem-de mekdepden hödürnamany tabşyrmaly;

- Içerki pasportyň nusgasy;

- Eger bar bolan ýagdaýynda, biometriki pasportyň nusgasy (şeýle pasporty bolmadyk şahslara ony resmileşdirmek işini başlamaga maslahat berilýär);

- 3x4 ölçegdäki 6 sany foto suratlar;

- Okuw ýa iş ýerinden (harby bölüminden) häsiýetnama

- Zähmet depderçesiniň tassyklanan nusgasy (işleýänler üçin);

- Harby biletiň ýa-da ýazylyş şahadatnamasynyň nusgasy.

Ähli görkezilen resminamalaryň terjimesi hökman däl.

Resminamalaryň kabul edilşigi 2025-nji ýylyň 17-25-nji mart aralygynda (şenbe, ýekşenbe we baýramçylyk günlerinden başga) sagat 09:30-dan 17:00-e çenli kabul ediler (13:00-14:00 – arakesme wagty).

Resminamalar Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3 (CNPC şahamçasynyň edara binasy) salgysy boýunça kabul ediler. Telefon belgileri: (+99312) 44-51-01, (+99312) 44-50-65, (+99312) 44-54-75, (+99312) 44-53-49

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address