Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Paýtagtymyzda döredijilik bäsleşiginde ýeňiji bolan zehinli okuwçylar sylaglandy

19.03.2025

416

Paýtagtymyzda döredijilik bäsleşiginde ýeňiji bolan zehinli okuwçylar sylaglandy

Şu gün 18-nji martda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen zehinli okuwçylar bir ýere jemlendi.

1

Ady agzalan mekdepde okuwçylaryň arasynda geçirilen döredijilik (ylmy-taslama) bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda üstünlikli çykyş edip, ýeňiji bolan okuwçylara Diplomlaryň we ýadygärlik sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Mekdebiň içine giren badyňa gözlerinde zehin uçgunlary görnüp duran bilesigeliji, ylym-bilime höwesjeň ýaşlaryň taslamalar bäsleşiginde ýeňiji bolan işleriniň sergisi hemmeleriň ünsüni özüne çekýärdi.

3

Çärede edilen çykyşlaryň dowamynda Türkmenistanda bilim ulgamynyň ählitaraplaýyn yzygiderli ösdürilýändigi, ukyply ýaşlarymyzyň halkara derejesinde birnäçe ugurlar boýunça geçirilýän dürli olimpiadalarda we ýaryşlarda baýrakly orunlary eýeläp, özleriniň üstünlikleri bilen döwletimiziň ösüşlerine öz goşantlaryny goşýandygy bellendi.

4

Dabaranyň dowamynda 2024-2025-nji okuw ýylynda mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilen “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşikleriň çäginde ynsanperwerlik we durmuş bilimleri, takyk, tebigy ugurly okuw dersleri boýunça geçirilen döredijilik bäsleşiginde deň-duşlaryndan saýlanyp üstünlik gazanan mekdep okuwçylary hoşallyk sözleri bilen çykyş etdiler.

5

Bu günki çäre diňe bir sylag gowşuryş dabarasy bolman, eýsem, öz ýeňişlerine buýsanyp, ýurdumyzyň ähli ýerlerinden gelen geljekki uly işlerine taýýarlyk görýän bilimli, zähmetsöýer okuwçylar üçin özara pikir alyşmaga hem giň meýdança bolup hyzmat etdi.

6

7

8

9

Çeşme: ORIENT

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address