Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen «tegelek stol» duşuşygyna gatnaşdylar

19.03.2025

419

Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen «tegelek stol» duşuşygyna gatnaşdylar

18-nji martda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Astrahan döwlet uniwersiteti ýokary bilimiň federal döwlet býujet bilim edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň guramagynda «Arassa energiýa — geljegiň energiýasy: düýn, şu gün, ertir» atly talyplaryň arasynda geçirilen halkara «tegelek stol» duşuşygyna gatnaşdylar.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda ýokary okuw mekdebiniň radiofizika we elektronika hünäriniň talyby S.Ergeşow «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini utgaşdyryp ulanmaklygyň mümkinçilikleri», taryh hünäriniň talyby Medine Sopytaganowa «Gaytadan dikeldilýän energetika: Türkmenistanyň durnukly geljeginiň açary» we ekologiýa hünäriniň talyby Arslan Hanmedow «Merkezi Aziýa ýurtlarynda gün energetikasyny ösdürmegiň mümkinçilikleri» atly ylmy nutuklary bilen çykyş etdiler.

Duşuşyga Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetindäki “Medeni miras: geçmişden geljege” ÝUNESKO kafedrasynyň müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty B.Diwangulyýewa hem-de W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň “Öwrenýän jemgyýet we durnuklu durmuş-ykdysady ösüş” ÝUNESKO kafedrasynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Bu duşuşyk dürli ýurtlaryň talyplarynyň nazary we amaly tejribelerini öwrenmek hem-de häzirki meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin giň mümkinçilikler döretdi.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

Şeýle hem okaň: Orient

Şeýle hem okaň: Turkmenportal

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address