Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Aba Annaýew adyndaky  Halkara atçylyk akademiýasy

«NOWRUZ GELDI GALKYNYŞLY DIÝARA» ATLY BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

18.03.2025

226

«NOWRUZ GELDI GALKYNYŞLY DIÝARA»  ATLY BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baý medeni mirasly halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlary, baýramçylyklary we toý dabaralary täze many-mazmuna eýe boldy. Ýurdumyzyň ähli künjeginde şol sanda Arkadag şäherinde hem Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni giňden dabaraly ýagdaýda toýlanýar.

2025-nji ýylyň 17-nji martynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda “Nowruz geldi Galkynyşly Diýara”atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Köpetdagyň dag eteginde geçirilen dabarada Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdymlar, läleler, monjuk atdylar, küşdepdiler we ýurdumyzda tanymal bagşy zenanlaryň ýerine ýetirmeginde aýdymlar we beýleki ençeme çykyşlar ýerine ýetirildi.

Il sylagly ýaşulylar, kümüş saçly eneler hem baýramçylyk dabarasyna öz boluşly aýratynlyk goşdy. Mährem enelerimiz, talyp gyzlara milli el işleriň ýerine ýetirilişine degişli gymmatly maslahatlary berdiler.

Baýramçylygyň geçirilen ýeriniň milli ruhda bezelmegi türkmeniň ak öýleriniň dikilmegi, türkmeniň kalbyndan dörän halysynyň, türkmen gelin-gyzlarynyň toý lybaslarynyň, milli şaý-sepleriniň sergilenmegi, talyp gyzlaryň keşde çekmek, haly dokamak işlerini edýän pursatlarynyň sazlaşykly ýerine ýetirilmegi ajaýyp döwrümizde milliligimiziň dabaralanýandygynygörkezdi.

Köpetdagyň ajaýyp jana şypaly howasy, ýaz paslynyň mylaýymlygy, owadanlygy bilen utgaşyp dabara gatnaşyjylaryň göwün guşuny ganatlandyrdy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar milli baýramlarymyzy giňden bellemäge we wagyz etmäge döredip berýän giň  mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, HormatlyPrezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni bilen mähirli gutladylar.

Söýenç Ahmedow

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň

mugallymy, Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar Guramasynyň başlygy

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address