Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ ARASYNDA «GÜL-GUNÇALY DIÝARYM!» ATLY BÄSLEŞIK GURALDY

20.03.2025

445

MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ ARASYNDA «GÜL-GUNÇALY DIÝARYM!» ATLY BÄSLEŞIK GURALDY

Diýarymyzyň mekdep okuwçylarynyň daşky gurşawa, tebigata söýgüsini artdyrmak, olarda döredijilik başarnyklaryny kämilleşdirmek, ekologiýa medeniýetini ösdürmek maksady bilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Şu maksat bilen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde 2025-nji ýylyň dowamynda umumybilim berýän mekdepler bilen bilelikde geçiriljek çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Oňa laýyklykda, 19-njy martda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Ýaş alymlar Geňeşiniň, «Ýaş agroekolog», «Ýaş agrohimik», «Ussat agronom» ylmy gurnaklarynyň guramagynda Aşgabat şäheriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Gül-gunçaly Diýarym!» atly çeper-döredijilik bäsleşigi geçirildi.

Bu bäsleşik Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde goýýan wezipelerinden ugur alnyp, ösüp gelýän ýaş nesle gözel tebigatymyzy söýmegi we onuň baýlyklaryny, haýwanat, ösümlik dünýäsini gorap saklamagy hem-de olardan rejeli peýdalanmagy wagyz etmek maksady bilen geçirildi.

Bäsleşige orta mekdepleriň 3 okuwçydan ybarat toparlary gatnaşdylar. Bäsleşigiň şertlerine görä, oňa gatnaşan ýokary synp okuwçylary ýurdumyzyň gözel tebigatyny, onuň milli baýlyklaryny, haýwanat we ösümlik dünýäsini gorap saklamak hem-de olardan rejeli peýdalanmak barada öz düşünjelerini çeper beýan etdiler. Bäsleşige gatnaşýan toparlar ýurdumyzda ösýän ösümlikleriň tohumlaryndan tebigatyň gözel keşbini ýa-da gülleriň şekillerini mozaika görnüşinde ýasadylar.

Ýeňijiler I, II, III derejeli diplomlar we uniwersitetiň rektorlygy tarapyndan sowgatlar bilen sylaglandy.

Çeşmesi: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address