
News
468

Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň guramagynda 2025-nji ýylyň mart aýynyň 19-na şäheriň 127-nji çagalar bagynda we 147-nji çagalar bakja-bagynda Milli Bahar baýramy mynasybetli “ Nowruz geldi ilime “ ady bilen Açyk gapylar güni geçirildi.
Baýramçylyk çäresine çagalar baglarynyň işgärleri, körpeler we olaryň ata-eneleri, şeýle-de jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Baýramçylyk mynasybetli elde ýasalan esbaplar sergileri gurnaldy, milli tagamlaryň dürli görnüşleri taýýarlandy.
Dabarada çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeleriň gatnaşmagynda daşary ýurt dilleri we sözleýşi ösdürmek sapaklaryna syn edildi. Bu baýramçylyk dabarasyny körpeleriň “ Saýrak bilbiller “ atly aýdym-sazly joşgunly baýramçylyk çykyşlary jemledi.
Dabaranyň ahyrynda bu baýramçylyk çäresine gatnaşyjylar tarapyndan bir agyzdan, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ýaş, jan saglyk, il-ýurt bähbitli alyp barýan işlerinde diňe rowaçlyklaryň ýar bolmagy arzuw edildi.