Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Halkara sebitleýin maslahat geçirildi

24.03.2025

370

Halkara sebitleýin maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) “Ýaşyl Merkezi Aziýa II” sebitleýin maksatnamanyň çäklerinde iki taraplaýyn  duşuşyk hem-de “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we energiýa netijeliligi boýunça jemgyýetçilik habarlylygyny ýokarlandyrmak” atly halkara sebitleýikmaslahat geçirildi.

Maslahat Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň, Ýewropa bileleşiginiň, Birleşen Milletler guramasynyň ösüş maksatnamasynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmengaz Döwlet konserniniň wekiller hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň professor-mugallymlary, ylmy işgärleri, aspirantlar we talyp ýaşlar getnaşdylar. Halkara maslahat gatnaşyjylar institutyň Baş binasynyň eýwanynda gurnalan ylmy işleriň sergisi bilen hem-de institutda döredilen AR/VR tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan okuw otagy bilen tanyşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ylym bilimi kämilleşdirmek boýunça Döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär, talyp ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, ylym bilen meşgul bolmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Bu geçirilen halkara sebitleýik maslatyň esasy maksady Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmaklygyň netijeliligini halk köpçülige ýetirmegiň strategiýasyny işläp düzmekden ybarat bolup öz işini umumy mejlisde we 5 bölümçede dowam etdi. Bölümçelerde Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmaklygy halk köpçülige ýetirmegiň ugurlary, serişdeleri we maliýeleşdirilişi barada birnäçe çykyşlar diňlenildi.

Maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address