Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Kämil mugallym – kämil bilim

25.03.2025

455

Kämil mugallym – kämil bilim

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda 2025-nji ýylyň 17-20-nji marty aralygynda koreý dili mugallymlary üçin daşary ýurt dillerini öwretmegiň döwrebap usullary boýunça hünär derejesini ýokarlandyryş okuw sapaklary geçirildi. Okuw sapaklarynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy Hwaň Ho Ýoň, Patyşa Sejoň adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkeziniň mugallymlary Mylaýym Hudaýnazarowa, Kim Su Hýon, Kim Son Gýoň, şeýle-de Kýoňhi saýber uniwersitetiniň professory Kim Ji Hýoň onlaýn arkaly koreý dilini öwretmek boýunça birnäçe meseleleriň üstünde durup geçdiler.

Hünär kämilleşdiriş okuwlaryna Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 88-nji orta mekdebiniň, Innowasiýa maglumat merkeziniň, Patyşa Sejoň adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkeziniň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň koreý dili mugallymlary gatnaşdylar.

Okuw sapagyna gatnaşyjy mugallymlar bilim işgärleriniň hünär ussatlygynyň has-da ýokarlanmagy ugrunda bimöçber tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny bildirdiler.

Çeşme: Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty

Şeýle hem okaň: Turkmenportal

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address