Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

V SYNP ÜÇIN “ARAP DILI” OKUW KITABYNYŇ IKINJI NEŞIRI ÇAP EDILDI

26.03.2025

459

V SYNP ÜÇIN “ARAP DILI” OKUW KITABYNYŇ IKINJI NEŞIRI ÇAP EDILDI

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda beýleki derwaýys işler bilen bir hatarda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmägiň çäklerinde daşary ýurt dillerini öwretmäge bagyşlanan möhüm işler hem yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň V synpy üçin “Arap dili (II daşary ýurt dili)” okuw kitabynyň ikinji neşiri (awtory: B.Beghanowa) Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edildi. Tanyşlykdan başlanýan ilkinji sapak ünsi örän özüne çekiji. Arap elipbiýinde 28 harpdan ybarat bolup, olaryň özbaşdak ýazylyşy, berýän sesi, sözüň başynda, sözüň ortasynda, sözüň soňunda ýazylyşy jikme-jik görkezilipdir. Bu okuw kitaby okuw maksatnamasyna laýyklykda taýýarlanylyp, arap dilini öwrenmäge girişmekde iň ygtybarly serişde bolup hyzmat edýär.

Onda gysga çekimliler, uzyn çekimliler, tenwinler, şedda we sukun, arap harplarynyň gysga çekimliler bilen ýazylyşy, arap harplarynyň uzyn çekimliler bilen ýazylyşy, «ELIF (ä, e)», «BÄ (b)», «LAM (e)», «NUN (n)», «ÝÄ (ý)», «MIM (m)», «JIM (j)», «DÄL (d)», «HÄ (h)», «RA», «ḲAF (ḳ)», «WAW (w)», «SIN (s)», «ŞIN (ş)», «KÄF (k)», «TÄ (t)», «ṬA (ṭ)», «FÄ (f)», «ŞAD (ṣ)», «ḤA (ḥ)», «ḪA (ḫ)», «SÄ (s)», «ZÄL (z)», «ZÄ (z)», «ẢÝN (ấ)», «ĢAÝN (g)», «ẒA (ẓ)», «ḌAD (ḍ)» harplary degişli yzygiderlikde öwredilýär, olary öwrenmek üçin maglumatlar her sapakda göz öňünde tutulan materiallaryň çäginde öz beýanyny tapypdyr, gönükmeler we sözlük ýerleşdirilipdir. Okuw kitabynda özleşdirilýän temalaryň mazmuny bilen bagly ýerleşdirilen reňkli suratlar kitabyň bezeg işiniň gymmatyny artdyrýar.

Bu okuw kitaby okuwçylarda arap dilinde okamak, ýazmak, düşünmek we şahsy pikiriňi beýan etmek endiklerini usuly taýdan has-da ösdürmäge, halkara gatnaşyklary ulgamynda medeniýetleriň we däp-dessurlaryň özara baglanyşygyny öwrenmäge ýardam eder.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address