Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Gara Seýitliýewiň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy

26.03.2025

219

Gara Seýitliýewiň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy

26-njy martda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň meşhur şahsyýetlerimiziň ýadygärliklerini ebedileşdirmek, müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy täze nazaryýet esasynda düýpli öwrenmek we ylmy taýdan beýan etmek baradaky beren tabşyryklaryndan ugur alyp, uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlarynyň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgärleriniň gatnaşmagynda şahyr Gara Seýitliýewiň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli “Aýdyma öwrülen ömür” atly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Döredijilik duşuşygynyň başynda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary hem-de uniwersitetiň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň tansçylary tarapyndan “Dostluk dünýäsi” atly edebi-sazly kompozisiýa ýerine ýetirildi.  

Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler şahyr Gara Seýitliýewiň döredijiliginiň özboluşlylygy, tematik aýratynlygy hem-de şahyryň goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti barada gürrüň etdiler.

Hormatly Prezidentimiziň berkarar döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, kämil jemgyýeti kemala getirmek ugrunda alyp barýan tutumly işlerini wasp edýän “Alkyş size Arkadagly Gahryman Serdarymyz” atly aýdym oňa gatnaşyjylarda özboluşly täsir galdyrdy.

Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzyň beýik şahsyýetlerini, medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerini öwrenmek ugrunda alyp barýan tutumly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Döredijilik duşuşygy bilen ugurdaş Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň, Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndylarynyň, şahyr Gara Seýitliýewiň döredijiligine degişli kitaplaryň sergisi guraldy.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address