Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Türkmenistanyň Oguz Han adyndaky Inžener - tehnologiýalar uniwersitetinde "O ses Oguzhan" atly aýdym-saz bäsleşigi geçirildi

26.03.2025

293

Türkmenistanyň Oguz Han adyndaky Inžener - tehnologiýalar uniwersitetinde "O ses Oguzhan" atly aýdym-saz bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýylynda Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almagy, kämilleşmegi, medeniyet we sungat bilen meşgullanmagy üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilyär.

Bu babatda Türkmenistanyň Oguz Han adyndaky Inžener - tehnologiýalar uniwersitetinde hem netijeli işler geçirilýär. Ine şulardan ugur alyp 2024-2025 okuw ýylynda uniwersitetde özbaşdak, meýletin jemgyýetçilik gurama bolan "Talyplar Geňeşi" döredildi. Geňeş öz hataryna ýokary düşünjeli, öňdebaryjy, zähmetsöýer, jemgyýetçilik işjeňligini görkezýän ýaşlary birleşdirýär. 2025-nji ýylyň mart aýynyň 25-nde Geňeşiň guramagynda Ýurdumyzda şeýle hem Uniwersitetde ilkinji gezek "O ses Oguzhan" atly aýdym-saz bäsleşigi geçirildi. Bu aýdym-saz bäsleşigi Türkmenistanyň Halk artistleri Suhan Orazberdiýewiň, Döwlet Halmämmedowyň we At gazanan Artisti Akmyrat Nurberdiýewiň gatnaşmagynda we eminlik etmeginde guramaçylykly we üstünliklere beslenip geçirildi. Talyplaryň ýerine aýdymlary ýatdan çykmajak pursatlary döredip uly şowhyna eýe boldy. Bäsleşikde gowy çykyş edip tapawutlanan talyplara uniwersitet tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Olar Baş baýraga, 1nji, 2nji, 3nji orunlara mynasyp boldular. Şular ýaly aýdym - saz festiwallarynyň, bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi talyp ýaşlaryň medeniyet sungata bolan höwesini artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address