Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça “Zehinli ýaş matematikler” atly bäsleşik geçirildi

27.03.2025

555

Orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça “Zehinli ýaş matematikler” atly bäsleşik geçirildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabryndaky  2006 belgili Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil nesli kemala getirmek, ýaşlary ylyma çekmek we zehinli ýaşlary ýüze çykarmak boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek, ylym-bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak we bilimiň hiline garaşsyz monitoringi amala aşyrmak maksady bilen, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen2025-nji ýylyň 5-nji we 25-nji martynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça “Zehinli ýaş matematikler” atly bäsleşik geçirildi.

Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça geçirilen “Zehinli ýaş matematikler” atly bäsleşik şahsy bäsleşik görnüşinde iki tapgyrda geçirildi. Onuň I tapgyryna, ähli welaýatlar we Aşgabat, Arkadag şäherleri boýunça mekdep okuwçylary onlaýn görnüşinde gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşyjylara matematikadan hödürlenen ýumuşlar test görnüşinde orta mekdepleriň okuw maksatnamasynyň esasynda uniwersitetde döredilen guramaçylyk topary tarapyndan işlenip taýýarlanyldy.

Bäsleşigiň I tapgyryna ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat, Arkadag şäherlerinden jemi 675 sany okuwçy gatnaşdy. Okuwçylaryň toplan ballarynyň jemi boýunça bäsleşigiň I tapgyrynyň ýeňijileri kesgitlenildi.

I tapgyryň netijesi boýunça 100 sany zehinli ýeňiji okuwçylar, 2025-nji ýylyň 25-nji martynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde bäsleşigiň II tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

II tapgyra gatnaşan okuwçylaryň ýerine ýetiren ýumuşlarynyň netijeleri emin agzalary tarapyndan seljerildi we barlanyldy. Eminler toparynyň çykaran netijesi esasynda ýeňiji diýlip yglan edilen okuwçylara uniwersitetiň rektorynyň adyndan 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli diplomlar gowşuryldy. Ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen mekdep okuwçylary uniwersitetiň fakultetleri, okuw binalary, tejribehanalary, muzeýleri we sport toplumy bilen ýakyndan tanyşdyryldy. Gowy netijeleri görkezen okuwçylar mekdebi tamamlanlaryndan soň uniwersitetde öz okuwlaryny dowam etdirmeklige çagyryldy.

Welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça gazanylan netijeler

Ýurdumyzyň orta mekdepleri boýunça gazanylan netijeler

Şeýle hem okaň: Turkmenportal

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address