Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Aba Annaýew adyndaky  Halkara atçylyk akademiýasy

«GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI ÝAŞLAR ÜÇIN ÝOLGÖRKEZIJI ŞAMÇYRAGDYR» ATLY YLMY-AMALY MASLAHATY

28.03.2025

407

  «GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI ÝAŞLAR ÜÇIN ÝOLGÖRKEZIJI ŞAMÇYRAGDYR» ATLY YLMY-AMALY MASLAHATY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Biziň milli ýöl-ýörelgelerimiziň has-da pajarlamagyna giň ýol açylan zamanada milli buýsanç baş ýörelge bolup taryplanýar. Türkmenistan özüniň okgunly ösüşi bilen öňe barýar, ýurdumyzda ylym, bilim syýasatyny mundan beýläk-de düýpli kämilleşdirmek, orta we ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini we derejesini dünýä ülňülerine laýyklykda ýola goýmak, döwrebap okuw kitaplaryny, gollanmalary taýýarlamak, täze tehnologiýalaryny, tehnikalaryny, kompýuterlerini ylym-bilim ulgamlaryna ornaşdyrmak babatda öňde goýlan wezipeler aýgytly depginler bilen durmuşa geçirilýär. Ynha bu gün Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda «Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri ýaşlar üçin ýolgörkeziji şamçyragdyr» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atalyk kitaplary biziň ýaşlarymyza bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlykdyr. Pähim-paýhasa ýugrulan kitaplaryň ähmiýeti bu günki gün de has-da artýar we durmuşymyzdaky orny ýokarlanýar. Kitaba bolan sarpasy elmydama beýik bolan halkymyz, onuň gadyr-gymmatyna uly baha beripdir. Kitap halkyň ruhy medeniýetiniň göwher maýasydyr. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar- Watanyň daýanjy” atly kitabynda “Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar höküminde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys” diýip ýaşlara watanyň geljekki abraýyny ynanýandygyny, ýaşlardan uly işlere garaşýandygyny belläp geçýär. Şeýle döwürde ýaşamaga, döretmäge giň mümkinçilikler bar zamanynda Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza minnetdarlygymyzy bildirýäris. Goý, ajaýyp döwri peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň diňe rowaçlyklara ýar bolmagyny arzuw edýäris.

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk

akademiýasynyň muzeýiniň gözegçisi

Ogulbagt Hojalyýewa

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address