Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Aşgabatda Maliýe hyzmatlary boýunça ilkinji festiwal “FinFest Turkmenistan” geçiriler

03.04.2025

211

Aşgabatda Maliýe hyzmatlary boýunça ilkinji festiwal “FinFest Turkmenistan” geçiriler

19-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň Ykdysadçylar Bileleşmesiniň goldanmagy bilen “Ygtybary maliýe merkezi” we “Açyk ýürek” hojalyk jemgyýetleriniň gurnalmagynda “FinFest Türkmenistan” atly ilkinji Maliýe hyzmatlarynyň Festiwaly geçiriler.

Bu çäre tejribe alyşmak, häzirki meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we maliýe hyzmatlary we önümler pudagynda soňky üstünlikleri görkezmek üçin möhüm bir meýdança bolmaga niýetlenendir. Festiwal maliýe guramalarynyň, ätiýaçlandyryş, baha beriş, audit, dellalçylyk we IT kompaniýalarynyň öňdebaryjy hünärmenlerini birleşdirer.

Festiwala myhaman hökmünde gatnaşmak üçin aşakdakylar çagyrylýar:

• Maýa goýujylar, telekeçiler we önüm öndürijiler

• Döwlet edaralarynyň we bilim edaralarynyň wekilleri

• Umumy jemgyýetçilik we ýaşlar

• Maliýe hyzmatlary bilen gyzyklanýan her bir adam

Festiwalyň maksatnamasy: maliýe tehnologiýalary, sanly bank we ätiýaçlandyryş pudagyndaky soňky täzelikleri; öňdebaryjy hünärmenleriň çykyşlary, häzirki tendensiýalary we Türkmenistanyň maliýe hyzmatlar bazaryny ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmagy; maliýe hyzmatlarynyň ýarmarkasyny; hünärmenleriň maslahatlaryny öz içine alýar.

Festiwala kompaniýalaryň gatnaşmagy üçin aşakdakylar çagyrylýar:

• Maliýe guramalary, gazna biržalar, ätiýaçlandyryş, baha kesmek, audit we dellalçylyk kompaniýalary, şeýle hem maliýe çözgütlerini hödürleýän IT kompaniýalary - bu önümlerini we hyzmatlaryny Türkmenistanyň maliýe hyzmatlaryň “meýdançasynda” hödürlemek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

• Hemaýatkärler - ýurt üçin möhüm bir çäräni goldamak bilen, kompaniýaňyzyň tanalmagyny artdyrarsyňyz;

• Isleg bildirýär ähli taraplar - gymmatly bilim alarsyňyz, peýdaly aragatnaşyk gurarsyňyz we täze maliýe mümkinçiliklerini açarsyňyz.

Maliýe we IT kompaniýalarynyň gatnaşmagy üçin 5-nji aprelden gijä galman şu düwme boýunça arza bermeli:

https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSe1cNV-1O2YeQgSSIlM4kv3dQ0UJ0yoXhi1GSXc-PkiVN0kbg/viewform?usp=header

Myhman hökmünde gatnaşmak üçin hasaba durmaly, sebäbi ýerler çäkli. Gatnaşyk mugt. 10-njy aprelden gijä galman hasaba durmaga howlugyň.

Festiwalyň geçiriljek wagty: 19 aprel 2025 ýyl, sagat 10.00-15.00 Geçiriljek ýeri: “Arkaç” işewürlik merkezi, “Iş nokady”.

Habarlaşmak üçin:

“Ygtybary maliýe merkezi” HJ

(+99362)60-94-54/ (+99371)83-93-53

fincenterygtybarly@gmail.com

Festiwalyň guramaçylary barada gysgaca maglumat:

“Ygtybary maliýe merkezi” HJ maliýe we bank önümleri we hyzmatlary, halkara hasaplaşyklar, ESG ülňülerini durmuşa geçirmek we ş.m. boýunça maslahatlar gurnaýar. “Açyk ýürek” HJ derwaýys durmuş meseleleri çözmek üçin pudagara gepleşik döretmek maksady bilen dürli ululykdaky çäreleri gurnaýar.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address