
News
221
ÝUNISEF we Türkmenistanyň Tennis federasiýasy (TTF) mümkinçiligi çäkli çagalara sport şatlygyny başdan geçirmäge we özlerine ynanmaga mümkinçiligi döretmek üçin tagallaryny birleşdirdiler. Ýurduň ilkinji kolýaskada tennis maksatnamasy diňe bir sport başlangyjy bolman, eýsem 7-18 ýaş aralygyndaky ýaş türkmenistanlylarda ynamy döretmek, jemgyýetleşmek we jemgyýetiň doly agzasy bolmak üçin mümkinçilik bolar.
Maksatnama gatnaşyjylar diňe bir ýöriteleşdirilen sport kolýaskalary we ýokary derejeli tälimçilik goldawyny alman, eýsem halkara standartlaryna laýyklykda işlenip düzülen aýratyn sapaklary hem alarlar. Munuň özi sportuň ähli serhetleri aýyrmaga we stereotipleri bozmaga güýjüniň bardygyna ynanýan ÝUNISEF bilen TTF-niň umumy garaýyşlary bilen mümkin boldy.
ÝUNISEF-iň “Sport ösüş üçin” atly çemeleşmesine esaslanýan bu başlangyç, fiziki işjeňligi dürli ukyply çagalaryň bilelikde oýnap we ösüp bilýän inklýuziw gurşawy döretmek üçin güýçli gural hökmünde görýär. Barlaglaryň görkezişi ýaly, mümkinçilgi çäkli adamlar üçin kolýaskadaky tennis diňe bir beden saglygyny berkitmän, eýsem durmuş endikleri, özüniň oňyn keşbini döretmägi we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy ösdürýär.
“Her bir çaganyň oýnamak, zehinini ösdürmek we jemgyýete doly gatnaşmak üçin aýrylmaz hukugynyň bardygyna çuňňur ynanýarys. Biziň Türkmenistanyň Tennis federasiýasy bilen hyzmatdaşlygymyz – bu diňe bir taslama däl, bu geljekde maýa goýumdyr. Mümkinçiligi çäkli çagalaryň sport bilen meşgullanmak, täze dostlary tapmak we ruhy taýdan güýçlenmek üçin deň mümkinçilikleriň bolmagyny isleýäris. Inklýuziw sporty goldamak bilen, diňe bir aýry-aýry çagalaryň durmuşyny üýtgetmän, jemgyýetiň has açyk we kabul ederlikli bolmagy üçin hem işleýäris” – diýip, ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandru Nartea nygtady.
Maksatnamanyň çäginde ÝUNISEF we TTF ýerli tälimçilere hem okuw sapaklaryny geçirerler hem-de sport meýdançalarynyň elýeterliligini we okuw üçin iň amatly şertleri döretmek üçin zerur enjamlary üpjün eder. Maksatnamanyň esasy pursady, çagalaryň ösüşinde we goşulmagynda sportuň ähmiýetini görkezjek şeýle hem beýleki maşgalalara uýgunlaşdyrylan sport başlangyçlaryna goşulmaga ylham berjek Çagalaryň tennis festiwaly bolar.
Bu maksatnama – diňe bir çäre bolman, eýsem Türkmenistanda kolýaskada tennisiň uzak möhletleýin ösmegi üçin möhüm ädimdir. Bu sportuň milli ösüş strategiýalaryna goşulmagyna kömek eder, mümkinçiligi çäkli çagalar üçin durnukly mümkinçilikler döreder. ÝUNISEF we TTF her bir çaganyň, başarnygyna garamazdan, öz mümkinçiliklerini ýerine ýetirip we üstünlik gazanyp biljekdigini tassyklaýar.