Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi

04.04.2025

388

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi

4-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Parahat durmuşda sagdyn we bagtyýar nesil” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Wagyz-nesihat çäresinde çykyş eden Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygy bilen utgaşyp gelýändigini, bu şanly senäniň halkara derejesinde giňden bellenilmegi ýurdumyzda geçirilýän döwlet, hünär baýramçylyklaryna utgaşýandygyny buýsanç bilen bellediler. Hususan-da, ýylyň-ýylyna 7-nji aprelde – Bütindünýä saglyk güni diýlip bellenilýän senäniň türkmen halkynyň arasynda uly orna eýe bolup, raýatlaryň sagdynlygyny berkitmekde ähmiýete eýedigini nygtadylar. Sagdynlyk, saglyk barada garaýyşlaryň halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda mynasyp orna eýe bolandygyny, olary milli we edebi mirasymyzda tutýan orny bilen baglanyşyklydygyny gürrüň berdiler. Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen “Il saglygy – ýurt baýlygyna” deňelýän ýurdumyzda “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň köp ýyllaryň dowamynda alyp barýan işleri, şeýle-de, ýaşajyk raýatlarymyzyň saglygyny gorap saklamakda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleriniň ähmiýetli taraplary belläp geçdiler.  

Çäre bilen ugurdaş türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň hem-de talyplar tarapyndan taýýarlanylan taslamalaryň sergisi guraldy. Şonuň ýaly-da, uniwersitetiň mugallymlaryna we talyplaryna Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalyk şahadatnamalarynyň gowşurylyş dabarasy hem geçirildi.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň aýdymçylary tarapyndan ýerine ýetirilen Hormatly Prezidentimiziň beýik tutumly üstünliklerini wasp edýän “Arkadagly Gahryman Serdarymyz!”, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” aýdymlar çärä özboluşly öwüşgin berdi.

Wagyz-nesihat çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen alyp barýan, ýaşlaryň ylymly, bilimli we giň dünýägaraýyşly ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda alyp barýan tutumly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözleri beýan edildi.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address